
Dünýä atçylyk medeniýetiniň taryhynda ata Watanymyz Ýer ýüzünde atlaryň ilkinji eldekileşdirilen hem-de olaryň tohumynyň kämilleşdirilen ýeri hasap edilýär. Geçen asyrda halk hojalygynyň pudaklarynda yhlasly zähmet çekýän dürli kärdäki wekilleriň gatnaşmagynda atly ýörişleriň birnäçesi geçirildi. Atşynaslyk sungatynyň täze rowaçlyklara beslenmegine, watansöýüjilikli ýörelgeleriň, hünär ussatlygynyň, ruhubelentligiň, sagdynlygyň hem-de işjeňligiň galkynmagyna uly badalga beren şol uzak aralyklara geçirilen atly ýörişler taryhymyzyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Şolaryň biri hem 1986-njy ýylda guralan Aşgabat — Köneürgenç — Aşgabat atly ýörişidir.
Şöhratly taryhymyzda uly orun alan atly ýörişiň bu tapgyry 1935-nji ýylyň 30-njy maýynda başlanyp, şol ýylyň 21-nji awgustynda tamamlanan, uzaklygy 4 müň 300 kilometre barabar bolan Aşgabat — Moskwa atly ýörişiniň 50 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilipdir. «Atalaryň şöhratly ýoly bilen» atly şygar astynda guralan ýöriş 1986-njy ýylyň 9-njy maýynda badalga alyp, 23 gün dowam edip, şol ýylyň 1-nji iýunynda tamamlanypdyr. 1 müň 300 kilometr menzili geçen toparyň düzüminde 11 çapyksuwar türgenler, halypa atşynaslar bolupdyr. Bu ýörişe Myrat Myradow ýolbaşçylyk edipdir.
Türkmen atlarynyň çydamlylygyny dünýä ýaýan ýörişe gatnaşyjylar 1986-njy ýylyň 19-njy maýynda Köneürgenç etrabynyň merkezindäki ýadygärlikler toplumynyň ýanyndaky meýdançada hormat bilen garşylanypdyr. Garşylanyş dabarasynda zähmetkeşleriň öňünde atly ýörişe gatnaşyjylardan Hemra Saryýew, Annasoltan Aşyrowa, Nuraly Kasymow, Moskwanyň K.A.Timirýazow adyndaky Oba hojalyk akademiýasynyň ylmy işgäri, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Ýuliýa Kuznesowa, welaýatyň wekillerinden Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Saparbaý Nyýazymbetow, 1935-nji ýylda Aşgabat — Moskwa atly ýörişine gatnaşan Aktelpek Nagyýewiň gyzy Gurbantäç Annamyradowa, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň we zähmet weterany Aýapbaý Türkmenbaýew, meşhur seýis Hojabaý Mahmudow dagy taryhy ýörişiň edermenlige beslenen wakalary, unudylmajak pursatlary, ýörişiň dowamyndaky täzelikler, tomsuň jöwzaly günlerinde Garagumuň ürgün çägeliklerinden, sörtük ýelli sähralaryndan batyrgaýlyk, ugurtapyjylyk bilen geçişleri barada täsirli çykyş edipdirler. Ýöriş boýunça görnükli nakgaşlaryň, Ýuriý Şkuriniň, Geldi Allabaýewiň foto we şekillendiriş sergileri, Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasy tarapyndan surata düşürilen dokumental filmlerden parçalar tomaşaçylar köpçüligine görkezilipdir, aýdym-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyrylypdyr.
Döwlet derejesinde ösüşleriň ak ýolunyň, maksada okgunlylygyň, gaýduwsyzlygyň alamatyna öwrülen, türkmen bedewleriniň köpasyrlyk taryhyna, gözelligine, ýyndamlygyna, ezberligine, gaýratyna goýulýan uly hormatyň nyşany hökmünde taryha giren bu ýörişe gatnaşyjylar 1986-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabada sag-aman gaýdyp barýarlar we döwlet sylaglary, gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanýarlar. Metbugat sahypalarynda oňa gatnaşan, zamananyň zybanynda alkyşlanan, ýagşylykda ýalkanan, çawy alyslara aşan edermenleriň zyýada zähmetleri, täzeçil öňdebaryjy tejribeleri, hünär ussatlyklary, seýisçilik, çapyksuwarlyk sungatyndaky üstünlikleri mähir-söýginiň, wepalylygyň, halallygyň, kämilligiň, gaýduwsyzlygyň, üşükliligiň, ezberligiň, hüşgärligiň, dogumlylygyň mertebeli mekdebi bolup dabaralanypdyr.
Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.




