
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmäge tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni taýdan dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus belent sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli döwlet we milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň, taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini, ýurduň içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyryldy.
Häzirki ajaýyp döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde atçylyk sportunyň dürli görnüşleri işjeň ösdürilýär. 2026-njy ýylyň ilkinji aýy şu ýylyň şygarynyň mazmunyna laýyk üstünliklere beslendi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu üstünlikleriň ahalteke bedewleriniň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly bolmagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Şeýle hem 2026-njy ýylyň fewral aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň çäklerinde ýurduň iň iri atçylyk merkezleriniň biri hasaplanýan «La Victoria» atçylyk toplumynda bolup, amerikan we türkmen atşynaslarynyň, atly sport görnüşiniň hünärmenleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti barada belledi. Mundan başga-da, Aşgabatda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň buýsandyryjy wakalar bolandygy barada ýaş nesle täsirli gürrüňler berilse maksadalaýyk bolardy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkymyzyň ahalteke bedewlerine çuňňur söýgüsi has äşgär ýüze çykýar. 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň geçiriljekdigi munuň aýdyň şaýadydyr.
Ylym-bilim ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalmagy, bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylmagy guwandyryjydyr. Belli bolşy ýaly, ylmyň ösüşi adamzat durmuşynyň ähli ugurlarynyň özgermegine esas bolýar. Ylym her birimiziň dünýägaraýşymyzy giňeldýär, akyl işjeňligimizi artdyrýar, dürli meseleleri dogry çözmäge ýardam edýär. Şol sebäpli ýurdumyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmek we mundan beýläk-de ösdürmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar. Muny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» aýdyň görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek, ýaşlarda il-günümize, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize bolan beýik buýsanjy we çuňňur söýgini ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ilkinji okuw sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at bilen geçiriler.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at bilen guraljak ilkinji okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda alnyp barylýan içeri we daşary syýasat, ýurdumyzda gazanylýan şanly ösüşler, öňde goýlan belent maksatlar, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýylynyň dowamynda bolup geçen möhüm wakalar, yzygiderli gazanylýan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler, bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy», Türkmenistan Watanymyzyň beýik geljegini üpjün etmekde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil nesliň öňünde durýan mukaddes borçlar dogrusynda çuňňur mazmunly, bilim-terbiýeçilik, wagyz-nesihat häsiýetli söhbetler guralmalydyr.
Ilkinji okuw sapagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti aýratyn bellenilmelidir. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki taryhy çykyşy hem-de şol mejlisde beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli söhbetlere orun berilmelidir.
2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryndan peýdalanylmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek hem, ilkinji nobatda, şu nesilleriň taýýarlygyna baglydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Islendik döwletiň kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenilýär» diýmek bilen, innowasiýalaryň, häzirki zaman ylymlarynyň, nanotehnologiýalaryň, sanly ulgamyň adamzat jemgyýetini öňe alyp barýandygyny belleýär» diýen çuňňur many-mazmuna ýugrulan sözleri her bir türkmenistanlynyň hemişelik Bitarap Türkmenistana buýsanjyny, söýgüsini we Watana wepalylygyny has-da ösdürýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, çuňňur bilimli, ylymly nesiller kemala gelýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda ösüp gelýän ýaş nesle ata-babalarymyzyň dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy, söwda, medeni, ylym-bilim gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak barada bitiren ajaýyp işleri, türkmen Bitaraplygynyň aýratynlyklary barada jikme-jik düşündirmek, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň içeri hem daşary syýasatynyň netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler hakda täze bilimleri öwretmek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça bilim işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeler durýar.
Umumybilim edaralarynyň ýolbaşçylary 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralýan ilkinji okuw sapagynyň çuňňur manyly, ýatda galyjy we has-da täsirli bolmagy üçin zerur çäreleri görmelidirler. Ol çäreler kesgitlenen meýilnama laýyklykda guralyp, ösüp gelýän ýaş nesliň bilime, ylma, hünärlere bolan gyzyklanmasyny we höwesini, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny, söýgüsini hem hormatyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir.
Şonuň üçin hem bilim edaralarynyň ýolbaşçylary ilkinji okuw sapagynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini we oňa bildirilýän talaplara laýyklykda guralmagyny gazanmak maksady bilen, öňdebaryjy iş ussatlygy bilen tapawutlanýan hem-de kärdeşleriniň arasynda hormata eýe bolan bilim işgärleriniň baý iş tejribelerinden peýdalanmalydyr.
Ilkinji sapagyň ýokary derejede guralmagy üçin bilim işgärleri ykjam taýýarlykly bolmalydyr. Sapakda ulanyljak okuw-görkezme esbaplary, goşmaça maglumatlar we multimedia serişdeleri öňünden taýýarlanylyp, okuw otaglary döwrebap enjamlaşdyrylmalydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Döwür ösýär, şol bir wagtda, adamzat jemgyýetinde dürli üýtgeşmeler, özgerişlikler bolup geçýär. Munuň özi ýaşlardan hünär taýýarlygy babatda edilýän talaplary hem düýpli özgerdýär, olaryň saýlap alan hünärleri boýunça alyp barýan işlerine täzeçe çemeleşmeklerini talap edýär» diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden ugur alnyp, ilkinji okuw sapagynda hünärlere ugrukdyrmak barada söhbet guralsa maksadalaýyk bolar.
Ilkinji okuw sapagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplaryň many-mazmuny bilen baglanyşdyrylyp geçirilmelidir. Sebäbi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu eserleri ýaş nesilleri watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmalar bolup hyzmat edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaşlara bilim bermegiň döwrebap usullary hakynda gymmatly pikirler öňe sürülýär. Şeýle hem bu ajaýyp kitapda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygy çuňňur manyda beýan edilýär. Şahyryň şygyrlarynyň filosofik manysy, jemgyýetçilik gymmaty, durmuşyň dürli meselesini çeperçilik bilen beýan edendigi hakynda yzygiderli pikir ýöredilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda: «Jemgyýetiň kämilligi üçin zerur bolan edep kadalary, gylyk-häsiýetleri, aýratynlyklary Pyragy ýaly, çeper teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur diýip pikir edýärin. Hünärlilik, zähmetsöýerlik, janypkeşlik, maksada okgunlylyk, akýüreklilik ýaly duýgular, zähmete höweslendirýän pikirler şol setirleriň özenidir, şol bentleriň bezegidir. Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri belent ahlaklylykda terbiýeläp bilýäris. Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris» diýip, türkmeniň ahlak ýörelgesiniň ykrar edilen mukaddes kada öwrülendiginiň gymmatyna ýokary baha berýär. Şu parasatly sözlerden ugur alyp, ilkinji okuw sapagynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hakyndaky söhbetlere hem giň orun berilse maksadalaýyk bolar.
Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlyk edýändigi guwandyryjydyr.
Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. Muny hormatly Prezidentimiziň Gruziýa amala aşyran döwlet sapary hem aýdyň beýan edýär. Çünki bu döwlet saparynyň çäklerinde ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilkinji okuw sapagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmaklyk, dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada aýratyn bellemek gerek.
Bu okuw sapagynda hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň we barha kuwwatlanmagynyň, agzybir halkymyzyň abadan, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine üstünlikli amala aşyrýan oňyn özgertmeleri, dünýäde we sebitde parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň pugtalanmagy, halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegi ugrunda alyp barýan ägirt uly işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň, ylym-bilim ulgamynyň, medeniýetiniň ägirt uly üstünlikleri hakynda çuňňur mazmunly söhbetler guralmalydyr.
Hormatly bilim işgärleri, okuwçylar we talyp ýaşlar! Täze, 2026-2027-nji okuw ýyly düşümli bolsun!
Ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Türkmenistanyň Bilim ministrligi. Türkmenistanyň Milli bilim instituty.




