
Halkymyzyň her bir işi geňeşli etmek ýörelgesi döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan edip, ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemleýär. Syýasy-ykdysady oňyn çözgütler ilatyň giň gatlaklarynyň gatnaşmaklarynda, aýratyn-da, ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşylyp çözülipdir. Pederlerimizden dowam edip gelýän, agzybirligi, parahatçylygy, jebisligi, asudalygy ündeýän ýörelgelerimize eýerilipdir.
Her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bu gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik gurluşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerini üstünlikli çözmekde netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm ugurlar maslahatlaşylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, mundan beýläkki ösüşlerimize badalga berjek işler esasy ugurlar bolup durýar.
Şeýlelikde, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň dabaralanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Hezret TOGALAKOW,
Bereket etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.




