
Türkmen halky beýik ösüşlere buýsanyp, ajaýyp zamanada ýaşaýar. Ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeler türkmen ykdysadyýetine, medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna netijeli täsir edip, Türkmenistany ösen ýurtlaryň derejesine ýetirýär. Türkmen halky ýagşy ertirlere atarýan pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly ruhubelentlik bilen barýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde halkymyzyň asylly ýörelgeleri ösdürilýär, milli demokratiýamyz rowaçlanýar. Taryhda ata-babalarymyz hem geňeş edip, uly maslahat geçirip, il-ýurt bähbitli meseleleri maslahatlaşypdyrlar. Bu barada ata-babalarymyzdan galan nakyllarda, atalar sözlerinde aýdyň beýan edilýär. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýlen nakyllar hem türkmen halkynyň her bir işi maslahatly edýändigini aňladýar.
Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň demokratik, hukuk we dünýewi esasly gurluşyny barha berkidip, ýurtda milli demokratiýany, halk häkimiýetliligini barha giňden dabaralandyrýar. Muňa ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler aýdyň şaýatlyk edýär. Ynha, 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem taryhy ähmiýetli wakalaryň biri bolar. Çünki bu ählumumy forum ýurdumyzyň ösüşlerini giňişleýin beýan edýär we aýdyň maksatlary, wezipeleri öňde goýýar. Şonuň netijesinde hem halkyň isleg-arzuwlary hasyl bolýar. Bu bolsa milli demokratiýanyň ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.
Geçmişimize ser salsak, Oguz han atamyzyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň döwründe hem pederlerimiz maslahatly iş alyp barypdyrlar. Muňa «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlaryny okanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Gorkut ata pähim-paýhasly şahsyýet bolupdyr. Toý tutjaklar, çaga at dakjaklar, sapara gitjekler Gorkut atamyzdan ak pata alypdyrlar. Gorkut ata döwründe ýigitler ata çykyp, ýurt gorap, şahandaz ýaşapdyrlar. Öz döwründe Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy hem halky agzybirlige çagyrypdyr.
Türkmen halkynyň her bir işi maslahatly çözýändiginiň mysallary näçe diýseň bar. Häzirki döwürde ata-babalarymyzdan gelýän bu däp türkmen toýlarynda hem berjaý edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp etmek biziň her birimiz üçin buýsançdyr. Şeýle toýly günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi has-da buýsandyryjydyr. Bu bolsa ähli halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar, ösüşlerimize bolan buýsanjyny goşalandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde halk bähbitli beýik işler durmuşa geçirilip, ýurdumyz özgerýär, ösýär. Ynha, 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar we oňyn çözgütler kabul ediler. Goý, türkmen halkymyza bagtyýarlyk ýar bolsun! Türkmen halkynyň toýlary toýlara ulaşsyn!
Annadursun TATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.




