
Men mekdepde okaýan döwrümde ýurdumyzda geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşdym. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmytaslama, döredijilik bäsleşiginde 2024nji we 2026njy ýyllarda biologiýa dersi boýunça 2nji orna mynasyp boldum. Mekdepde okaýan döwrümde biologiýa dersi bilen içgin gyzyklanyp, bu ders boýunça dürli okuw we ylmy edebiýatlary yzygiderli öwrendim. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmyensiklopedik kitaplary ýurdumyzyň dermanlyk ösümliklerini öwrenmekde gymmatly ylmy gollanma bolup durýar. Bu kitaby okamak, öwrenmek bilen, mende ýurdumyzyň ösümlik dünýäsine söýgi döredi. Şonuň üçin biologiýa dersine bolan höwes yzygiderli artdy. Arzuwsyz adam bolmaz diýlişi ýaly, men Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby bolmagy arzuw edýärdim. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» ýyly meniň üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Maňa Magt ymg uly ady ndak y Tü rkmen döwlet uniwersitetiniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Ýaşlar üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden alkyşlarymyzy aýdýarys
Güljemal Akyýewa
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby




