
— Hormatly Prezidentimiziň parasatly baş tutanlygynda ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ýaşlaryň aýdyň geljegi üçin döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan uly özgertmeler, ýetilen belent sepgitler bagtyýar ýaşlary uly üstünliklere, bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Munuň özi halkymyzyň maddy we durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak barada edilýän aladalaryň, bagtyýar ýaşlar üçin döredilýän uly mümkinçilikleriň aýdyň beýanydyr. Bularyň hemmesi ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly güýçkuwwat berýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly atmyradyň mekany» ýylynda maňaÝagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň bagtyýar talyby bolmak bagty miýesser etdi. Men 2024nji ýylda Malaýziýada geçirilen 6njy Bütindünýä innowasiýa bäsleşigine gatnaşyp, informatika dersi boýunça II orna mynasyp boldum. 2024nji ýylda rus dili dersi boýunça geçirilen halkara onlaýn olimpiadasynda I orna, 2025nji ýylda UNIPO tarapyndan geçirilen halkara bäsleşigine gatnaşyp I orna, 2026njy ýylda iňlis dili dersi boýunça geçirilen halkara onlaýn olimpiadasynda I orna mynasyp boldum. Ýaşlykda eden arzuwlarym hasyl boldy. Men öz saýlap alan hünärimiň eýesi bolmak üçin ähli başarnygymy gaýgyrmaryn. Ýaşlara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hemde Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Raşit Hezretow
Ýagşygeldi kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby




