
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» ýylynda meniň durmuşymda iň uly arzuwym hasyl boldy. Maňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň muzeý öwreniş hemde medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Çagalygymdan bäri çeper eserleri uly gyzyklanma bilen okap, ýurdumyzyň çägindäki asyrlara şaýat bolup oturan ýadygärlikleriň taryhyny, milli medeni we edebi mirasymyzy öwrenýärin. Häzirki ajaýyp döwrümizde Watanymyzda ylmabilime, medeniýete we sungata höwesli ýaşlar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle bagtyýar, eşretli zamanada bilim öwrenip, ata Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine, üstünliklerine mynasyp goşant goşmak egsilmez bagtdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy bizi täzetäze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Ýaşlaryň nurana geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ogulşeker Hajymämmedowa
Türkmen döwlet mediniýet inistitutynyň 1-nji ýyl talyby




