
«Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan— bedew batly atmyradyň mekany» ýylynda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüni tamamlap, ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebiniň — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby boldum. Men şu ýyl täze açylan oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy hünärini saýladym. Täze hünär boýunça biz molekulýar derejede genleriň täsirini öwrenmek bilen, alamatlary we häsiýetleri gerek ugra dolandyrmagy öwreneris. Genetikanyň inçe syrlaryny, gen inženerçiligi usuly bilen olaryň hasyllylyga, önümiň hiline, tebigatyň amatsyz şertlerine durnuklylygyna täsirlerini özleşdireris. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere jogap edip, geljekde oňat okap, ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişeris. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan giň gerimli bilim özgertmeleriniň geljekde hem uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Abdulla Atajanow
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby




