
Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dillerimiziň senasyna, köňüllerimiziň owazyna öwrülip, bagtyýarlygyň aýdymy hem-de berkararlygyň mukamy bolup belentden ýaňlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan berkararlygyň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň barha golaýlaýan şanly 35 ýyllyk toýy ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Taryhy döwürde her bir raýatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de her bir pudagyň üýtgedilip guralmagyna gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylyp, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň berk binýatly milli nusgasy döredildi. Ösüşiň we rowaçlygyň strategik binýady hökmünde milli bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler barha rowaçlanýar.
Kämilleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga alnan ugur
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda döwletiň sarsmaz güýjüni hem kuwwatyny şöhlelendirýän gurluşyklaryň — häzirki zaman kompýuterleri, laboratoriýa enjamlary, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurluşyk işleri depginli dowam etdirildi.
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binasy açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasy, umumy ýaşaýyş jaýy, sport desgasy we aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasy, umuman, sentýabr aýynyň dowamynda bolsa 7 sany orta mekdep, 9 sany çagalar bagy dabaraly açyldy. Üstümizdäki okuw ýylynyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 2 sany orta mekdep, 1 sany çagalar bagy, Ahal welaýatynda 1 sany çagalar bagy, Balkan welaýatynda 2 sany orta mekdep we 2 sany çagalar bagy, Daşoguz welaýatynda 1 sany çagalar bagy, Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty we 2 sany orta mekdep, Mary welaýatynda 1 sany orta mekdep açylyp ulanmaga berler.
Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göwrümi we häzirki zaman tehnologik üpjünçiligi bilen deňi-taýy bolmadyk bilimler şäherçelerini döretmek baradaky başlangyçlaryndan ugur alnyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň döwrebap okuw binalary, tejribehanalar, ylmy-barlag merkezleri, kitaphanalar, sport binalary we meýdançalary, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Günorta Koreýanyň, Ýaponiýa döwletiniň öňdebaryjy öndürijileriniň oturdylýan bilim enjamlary talyp ýaşlaryň — geljekki ýokary bilimli hünärmenleriň halkara ölçeglerine laýyklykda bilim almaklaryny, şeýle hem professor-mugallymlaryň bilim işini has-da netijeli guramaklary üçin ähli amatly şertleri üpjün eder.
Döwlet Baştutanymyzyň taryhy Karary bilen, üstümizdäki ýylda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 2 sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň hem-de 320 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygyna badalga berildi.
Mekdebe çenli bilim we terbiýe
Watanymyzyň geljegi hem-de dowamatymyz bolan ýaş nesiller hakynda döwlet derejesinde alada edilip, geçen okuw ýylynda mekdebe çenli bilim edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň ýokary döwrebaplygynyň gazanylmagyna uly ähmiýet berildi. Çagalar baglarynda körpelere ilkinji düşünjeler berildi, başarnyklaryň we endikleriň kemala getirilmegine gönükdirilen bilim işi terbiýe bermek bilen utgaşyklykda alnyp baryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen bilelikde saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi babatynda zerur işler alnyp baryldy. Inklýuziw bilim boýunça ylmy-usuly we okuw-usuly gollanmalar taýýarlanyldy. Maşgalanyň, çagalar bagynyň, mekdebiň bilelikdäki işleri has-da kämilleşdirildi. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda Aşgabat, Arkadag şäher we welaýat, döwlet derejesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar bilen usuly-amaly maslahatlar geçirildi.
2026-njy ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy eziz Watanymyzda ýaş nesillere, olaryň bagtyýar geljegine we döwrebap kämilleşmegine berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu iri halkara çärede çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň görkezilişi bilen birlikde çagalaryň intellektual başarnyklary dabaralandyryldy. STEM — ylmy zolagy, robototehnika bäsleşikleri, dünýä dillerini öwrenmegiň döwrebap usullary, interaktiw oýunlar hem-de «Kids Expo-Chess Cup» halkara küşt ýaryşy çagalara egsilmez şatlyk duýgularyny paýlady.
Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek
2025-2026-njy okuw ýylynda okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek bilen bagly işlere uly orun berildi. Dünýä tejribesine laýyklykda, okuw kitaplaryny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi, okuw-usuly toplumlar taýýarlandy. Orta mekdeplerde dersleri çuňlaşdyryp öwretmek, ýaşlary döredijilige höweslendirmek boýunça işlere uly orun berildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen dürli görnüşli bäsleşikleriň gerimi giňeldilip, ýeňiji okuwçylar hem-de olaryň ylmy ýolbaşçylary, ýaş pedagogik işgärlere halypalyk edýän bilim işgärleri Hormat hatlary hem-de höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanyldy. «PISA, TIMSS, PIRLS halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler», «Innowasion tehnologiýalary ulanmak esasynda himiýa dersini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak» atly temalardan hünär kämilleşdiriş okuwlary guraldy. Okuwçylaryň matematika we tebigy dersler boýunça bilim derejelerini bahalandyrýan PISA, TIMSS, PIRLS ýaly halkara maksatnamalarynyň görkezijilerini bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Ýaş nesle bilim bermekde döredijilikli işleýän, baý iş tejribeli, öňdebaryjy bilim işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde tapawutlanan pedagogik işgärleriň gatnaşmagynda halypa mugallymlaryň iş tejribesini ýaýratmak maksady bilen, «Salam, mugallym!» atly telegepleşikler ýazgy edildi.
Bagtyýar çagalygyň joşgunly günleri
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň çagalarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, şeýle hem welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde mynasyp dynç alyp, wagtlaryny şadyýan, peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. 2026-njy ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky merkezlerde çagalaryň müňlerçesi guramaçylykly dynç aldy. Çagalaryň arasynda sportuň görnüşleri hem-de hereketli türkmen milli oýunlary boýunça ýaryşlar, daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy, şekillendiriş sungaty, aýdym-saz boýunça öwrediji okuwlar geçirildi. «Kim çalasyn?», «Surat çekesim gelýär», «Bilesim gelýär» atly bäsleşikler teleýazgy edilip, bular çagalaryň we ýetginjekleriň söýgüli gepleşiklerine öwrüldi. Halypa ýazyjy-şahyrlar, sahna ussatlary, halyçy zenanlar bilen duşuşyklar guralyp, ýaş nesliň döredijilik we zähmet başarnyklarynyň ösdürilmegine uly orun berildi. Aşgabat şäherindäki Konstitusiýa, Garaşsyzlyk, Arkadag binalaryna, Janly tebigatyň milli muzeýine, Arkadag seýilgähine, «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähine, «Ylham» seýilgähine, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine, «Awaza» akwaparklar toplumyna, «Awaza» emeli derýasyna we seýilgählere, taryhy hem-de tebigy ýadygärliklere gezelençler guralyp, ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny terbiýelemekde ähmiýetli çärelere öwrüldi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çagalaryň dynç alyşlarynyň guralyşy yzygiderli teswirlendi.
Hünär biliminiň ösüşi
2025-2026-njy okuw ýylynda bilim işiniň möhüm ugry hökmünde:
hünär tarapdan gyzlara haly we mata dokamagyň,
keçe basmagyň, keşde gaýamagyň, egin-eşik, kürte, don, tahýa tikmegiň, ellik, jorap örmegiň, oglanlara zergärçiligiň, demirçiligiň, agaç ussaçylygyň, küýzegärligiň, şaý-sepleri we esbaplary, dutar, gyjak, tüýdük, gopuz ýaly halk saz gurallaryny ýasamagyň, göni, ýüňi gaýtadan işlemegiň, kärizleri, guýulary, ýaplary gazmagyň, howuzlary, bentleri gurmagyň özboluşly usullary, däpleri we tilsimleri baradaky maglumatlary häzirki döwrüň hünär we usul dürlüligi bilen sazlaşdyryp öwredildi;
okuwçy gyzlarda görnükli zenan şahsyýetleriň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň mähriban enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň we mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň nusgalyk hyzmatlarynyň mysalynda ahlak we maşgala ýörelgeleri baradaky düşünjeleri baýlaşdyryldy;
türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen paýhas mirasyna, watansöýüjiligine we ynsanperwerligine esaslanan durmuş ýörelgeleri, asylly milli häsiýetleri barada ulgamlaşdyrylan bilimler öwredildi.
2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynda ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ýokary synp okuwçylary üçin informatika, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, geografiýa, türkmen, iňlis, rus, fransuz, nemes dilleri, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy, beden taýýarlygy we sport görnüşleri dersleri boýunça ders bäsleşikleriniň 20-den gowragy geçirildi.
Hünäre ugrukdyryş çärelerinde ýokary we orta hünär bilim edaralarynda taýýarlygyň ugurlary, hünärler, okuw binalary, tejribehanalar, kitaphana, okalga zallary we talyplaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin gurlan sport toplumlary, talyplaryň alyp barýan ylmy-döredijilik taslamalary, gatnaşýan bäsleşikleri, hereket edýän ylmy gurnaklary barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Milli we watançylyk terbiýesi
2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda okuw-usuly maslahatlar, ylmy-döredijilik bäsleşikleri, göreldeli sapaklar, edebi agşamlar, sergiler, muzeýlere hem-de medeni-taryhy ýadygärliklere gezelençler giňden ýaýbaňlandyrylyp, ýaş nesilde watansöýüjiligi terbiýelemäge uly orun berildi. Alymlar, professor-mugallymlar tarapyndan ýurdumyzyň gadymy, orta asyrlar, Garaşsyzlyk hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy boýunça ylmy-barlaglar ýerine ýetirilip, monografiýalarda, makalalar ýygyndylarynda, okuw kitaplarydyr gollanmalarynda Türkmenistanyň taryhynyň we medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasynyň ulgamynda tutýan mynasyp orny açylyp görkezildi. Gazet-žurnallarda makalalar neşir edildi, teleradioýaýlymlarda söhbetdeşlikler, tematiki gepleşikler ýazgy edilip, ýaşlaryň bilimleriniň artdyrylmagyna ýardam berildi.
Ýaşlaryň gözýetimleriniň giňemeginde kitabyň ähmiýetiniň uludygy nazara alnyp, bilim edaralarynda, şeýle hem edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda kitap okamak bilen bagly çäreler, ýazyjy-şahyrlaryň ömri we döredijiligine, ýurdumyzyň taryhyna, şanly wakalara bagyşlanan kitap sergileri, ylym we döredijilik wekilleri bilen söhbetdeşlikler, çeper okaýyşlar, kitap okamak, kitabyň many-mazmunyny beýan etmek we pikir alyşmak, kitaplar esasynda düzme ýazmak, surat çekmek ýaly dürli bäsleşikler, kitap şüweleňleri geçirildi.
Ýaşlaryň üstünligi — Watanyň şöhraty
Gahryman Arkadagymyzyň: «Durmuşyň manysy öwrenmekdedir. Öwrenmek ýaşaýşy aňladýar. Manyly ýaşamagyň açary hem öwrenmekde. Goý, ömür menzilleriňize öwrenilip, maňzyna ýetilen aýdyňlygyň nury ýagty saçsyn! Öwrenmek bilen dünýäniň gözelligini görüň! Ýaşaň we ajaýyplyklary dörediň!» diýen parasatly nesihatlaryna eýerýän ýurdumyzyň mekdep okuwçylary hem-de talyp ýaşlary halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. 2026-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 13 altyn, 30 kümüş, 51 bürünç medal, halkara internet bäsleşiklerinde 268 altyn, 185 kümüş, 112 bürünç medallaryna, şonuň ýaly-da, «Erudit», «Metaşkola», «Gün şöhlesi», «Bilim wagty», «Bilim çeşmesi» atly internet-onlaýn ders bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli derejeli diplomlaryň 5816-syna mynasyp boldular. Talyp ýaşlar bolsa 2025-2026-njy okuw ýylynda halkara ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarynda jemi 826, şol sanda 142 altyn, 261 kümüş, 423 bürünç medallaryny gazandylar, baýrakly orunlaryň 897-sine mynasyp boldular.
2026-njy ýylyň 8 — 13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda III halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiadada ýurdumyzyň mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş edip, jemi 29, şol sanda 6 altyn, 10 kümüş, 13 bürünç medal gazandylar. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem-de Internet sahypalarynda Aşgabat şäherinde geçirilen mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasy dostlukly gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek, bilimleri alyşmak üçin meýdança hökmünde şöhlelendirildi.
2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ykdysadyýet, makroykdysadyýet, dünýä ykdysadyýeti, maliýe, filosofiýa, ekologiýa, iňlis dili, nazary mehanika, materiallaryň garşylygy, çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy, himiýa, biologiýa, informatika, matematika dersleri boýunça halkara olimpiadalaryň, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlarynyň 42-si geçirildi. Ýokary derejede geçirilen bu halkara maslahatlar we bilim bäsleşikleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim arkaly halkara hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri baradaky taglymatlaryny Ýer ýüzüne giňden ýaýýar.
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýurdumyzyň ýaşlaryny, olaryň halypa mugallymlaryny hem-de tälimçilerini sylaglamak dabarasy ýaşlary täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly waka öwrüldi.
Ýokary hünär bilimini ösdürmek
2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin strategiýasy» hem-de «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasy» tassyklanyldy. Strategiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde:
ýokary hünär bilimi ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp baryldy;
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» taýýarlanyp, bu gollanma 2026-njy ýylyň fewralynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi;
«Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama» kämilleşdirilip, rejelenen görnüşi tassyklandy. Häzirki wagtda reýting görkezijiler baradaky maglumatlar bellenen möhletlerde rating.sanlybilim.online sanly portalyna ýüklenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama» laýyklykda, umumy orta bilim derejesiniň doly orta bilim maksatnamasy boýunça 2 sany orta mekdebe, orta hünär bilimi derejesiniň ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary hem-de başlangyç synplarda okatmak hünärleriniň maksatnamalary boýunça 2 sany orta hünär okuw mekdebe, ýokary hünär bilimi derejesiniň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygynyň toplumlaýyn üpjünçiligi hem-de radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe hünärleriniň maksatnamalary boýunça 2 sany ýokary okuw mekdebe Döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnamalar gowşuryldy.
Ýokary okuw mekdeplerinde hem-de olaryň binýadynda döredilen ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki, ylmy-taslama, ylmy-önümçilik merkezlerinde ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy. 2026-njy ýylyň I ýarymynda ylmy-barlag işleriniň netijeleri üçin milli derejeli şahadatnamalaryň 320 sanysy alyndy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezi döredildi hem-de «Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasy», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl hytaý lukmançylygy otagy açyldy.
Sanly bilim
2025-2026-njy okuw ýylynda:
internet tory we sanly platformalar arkaly bilimiň elýeterliliginiň artdyrylmagyna;
öňdebaryjy tejribeler esasynda okuwçy we talyp ýaşlaryň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, programmalaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk baradaky düşünjeleriniň hem-de başarnyklarynyň ösdürilmegine;
multimedia enjamlaryny, wirtual (VR) we giňeldilen (AR) hakykat tehnologiýalaryny bilim işine ornaşdyrmak arkaly interaktiw okuw görnüşleriniň kämilleşdirilmegine hem-de innowasion bilim modelleriniň döredilmegine gönükdirilen işler alnyp baryldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan «Sanly bilim» platformasy, «Men talyp», «Hasabat», «e-Mekdep» we «e-Bakja» ulgamlary, «Ukyply» açyk bilim portaly döredilip, häzirki wagtda dürli bilim hyzmatlary hödürlenýär.
Ýokary okuw mekdeplerinde «Filologiýanyň meseleleri», «Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş», «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar», «Ylmy barlaglar we innowasiýalar», «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron žurnallary döredildi.
Sanly ulgam arkaly maslahatlar, seminarlar, okuwlar, dürli bäsleşikler geçirilip, innowasion taslama bäsleşiklerine alymlar, talyplar we mekdep okuwçylary işjeň gatnaşdylar.
Bu işler bilen ugurdaşlykda mekdep okuwçylarynyň maşgala, mekdep, jemgyýet bilen birlikde sanly gurşaw gatnaşyklaryndaky ornuny pugtalandyrmaga, internet torunyň we emeli intellektiň ösüşi bilen bagly maglumatlary kabul etmek, seljermek, deňeşdirmek we dogry netije çykaryp bilmek, wagty dolandyrmak ukyplaryny hem-de pikirleniş işjeňligini ösdürmäge, sanly gurşawda şahsy howpsuzlyk, psihologik durnuklylyk, sanly medeniýet bilen bagly düşünjeleri kemala getirmäge hem uly orun berildi.
Halkara reýtinglerine goşulmak
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň abraýly halkara reýtingleriniň sanawyna goşulmagy babatda alnyp barylýan çäreleriň çäklerinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti Indoneziýanyň «Universitas Indonesia (UI)» uniwersiteti tarapyndan her ýylda düzülýän «UI Green Metric» atly dünýä uniwersitetleriniň halkara sanawyna goşulyp, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça dünýäniň 1745 sany iň durnukly ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda 1103-nji orny eýeledi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa sebitinde ýokary bilim babatda ýokary üstünlikler üçin gowşurylýan abraýly halkara baýraklarynyň biri bolan «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň gysga sanawyna, ýagny iň gowy uniwersitetleriň sekizligine «Ýylyň STEM ylmy-taslamasy» ugry boýunça saýlandy.
Halkara hyzmatdaşlygy
«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen bilim babatda gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berildi. «ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça instituty bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Ýol kartasy» esasynda bilimi sanlylaşdyrmak boýunça bilelikdäki işler alnyp baryldy, mugallymlaryň hünär kämilleşdiriş taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak ugurlary boýunça işler ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynyň 7-si, şol sanda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdep, Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdep, Ak bugdaý etrabyndaky takyk ugurly we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdep, Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdep, Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdep, Mary şäherindäki maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdep, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 20-nji orta mekdep ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlykda Aşgabat şäherinden 3 sany umumybilim edarasy hem-de 3 sany çagalar bagy, her welaýatdan 2 sany umumybilim edarasy hem-de 2 sany çagalar bagy inklýuziw bilimi ornaşdyrylýan bilim edaralarynyň sanawyna goşuldy.
2026-njy ýylyň iýul aýynyň 16 — 31-i aralygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan ýaş meýletinçileri işjeňleşdirmek boýunça okuw maslahatlary guraldy.
Bu döwürde özara tejribe alyşmak we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin bilim ulgamyndan jemi 744 wekil daşary ýurt döwletleriniň 28-sine ugradyldy. Abraýly ýokary okuw mekdepleri, diplomatik wekilhanalar bilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň, okuw sapaklarynyň, ylmy maslahatlaryň 533-si geçirildi. Halkara bilim hyzmatdaşlygynyň ýaýrawynyň giňeldilýändiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde 30 sany resminama, şol sanda 2 sany Iş meýilnamasyna, 5 sany Ylalaşyga, 3 sany Çarçuwaly ylalaşyga, 20 sany Ähtnama gol çekildi.
Täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler
2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň sesleri belentden ýaňlanar. Ilkinji okuw gününde ajaýyp sowgat hökmünde täze bilim edaralary dabaraly açylar. Ähli bilim edaralarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar astynda dabaraly baýramçylyk nyzamlar we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli işleriniň many-mazmunyna bagyşlanan ilkinji okuw sapaklary geçiriler. 1-nji synpa gadam basjak okuwçylara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan milli önüm bolan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly gowşurylar. Bu dabaralar ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlar hem-de ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny alamatlandyrýan wakalar hökmünde taryha girer.
Täze okuw ýylynda körpeleriň döredijilikli we logiki pikirlenme endikleri, sözleýiş ukyby hem-de baý dil gory interaktiw usullar, akyl oýunlary arkaly ösdüriler. Okuw sapaklarynyň täsirliligini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin okuw-görkezme esbaplary, innowasion tehnologiýa enjamlary bilim işinde giňden peýdalanylar. Ilkinji okuw sapagynda 1-nji synpa barýan okuwçylaryň ýadynda hemişelik galmagy üçin «Bilimli» atly noutbuklaryň içindäki okuw programmalary, elektron oýunlary ulanmagyň ilkinji ädimleri körpelere gyzykly görnüşde görkeziler. Milli pedagogiki mirasymyza daýanylar. Milli köklerimize daýanmak bilen dünýäniň öňdebaryjy bilim tejribesini özleşdirmek, bilim bilen terbiýäniň bitewüligini üpjün etmek, mugallymyň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ylma we innowasiýalara höweslendirmek, sanly we emeli aň tehnologiýalaryndan maksadalaýyk peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça işler täze mazmun bilen dowam etdiriler. Milli mazmunly döwrebap bilim dünýäniň öňdebaryjy tejribesini taryh, dil, milli medeniýet, edep-terbiýe bilen sazlaşdyrar. Emeli aň we sanly bilim tehnologiýalary mugallymyň ornuny tutýan serişde däl-de, okatmagyň hilini ýokarlandyrýan gural hökmünde peýdalanylar. Bilim edaralarynda sanly sowatlylygy hem-de sanly edepliligi ýokarlandyrmak, emeli intellektiň mümkinçiliklerinden howpsuz, maksatly we netijeli peýdalanmagyň medeniýetini kemala getirmek boýunça ýörite okuwlar we usulyýet maslahatlary guralar. Hünär bilimi bilen zähmet bazarynyň arabaglanyşygy — iş berijiler bilen okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygy güýçlendiriler. «Geljegiň hünärleriniň atlasy» boýunça hünärlere ugrukdyryş çäreleri geçiriler. Ders, bilim, zehin, intellektual, sport, startap, hakaton bäsleşikleri arkaly mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň altyn gaznasy kemala getiriler. Ýokary okuw mekdeplerini diňe hünärmen taýýarlaýan däl, eýsem, ýaşlaryň intellektual gory bilen täze bilim we tehnologiýa döredýän merkezlere öwürmek barada işler alnyp barlar. Okuw kitaplaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň mazmunyny, gurluşyny we tehnologik mümkinçiliklerini häzirki zamanyň talaplaryna laýyk getirmek üçin zerur işler alnyp barlar. Hünärmenleriň hünär derejelerine, bilimlerine, başarnyklaryna we endiklerine orta we uzak möhletlerde boljak zerurlyklary çaklamak arkaly okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçiriler. Okatmagyň we terbiýe bermegiň hilini, aýratyn hem, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny tapgyrlaýyn ýokarlandyrmak babatda ulgamlaýyn işler dowam etdiriler. Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça hem maksatnamalaýyn işler dowam etdiriler. Ylym-bilim dünýäsine çuňdan aralaşyp, ajaýyp üstünlikleri gazanýan okuwçylarymyzyň, talyplarymyzyň, ýaş alymlarymyzyň, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrýan türgenlerimiziň, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrundaky işlere, medeni çärelere, bäsleşiklere, sergilere işjeň gatnaşýan, döwrebap amaly-haşam we sungat eserlerini, çeper‚ dokumental we animasion filmleri döredýän ýaşlarymyzyň başlangyçlaryny goldamak, zehinlerini wagtynda ýüze çykarmak we höweslendirmek üns merkezinde bolar. Ýaşlarda «Men bu Watanyň geljegine nähili goşant goşup bilerin?» diýen jogapkärçilikli düşünjäni kemala getirmek bilim-terbiýe işiniň iň ýokary netijeleriniň biri bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikler milli bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine hem-de barha kämilleşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleri netijesinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler bilim ulgamynyň işgärlerini gujur-gaýratly zähmet çekmäge, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzy ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi




