
Kitap okamak akyl, duýgy we fiziki taýdan kämilleşmegimizde uly orun eýeleýär. Hyýal güýjüňi ösdürip, beýnini güýçlendirýär. Her bir kämil şahsyýet gündelik durmuşynda hökmany suratda kitap okamaga wagt aýyrýar. Okuwçylarda we talyplarda kitap okamak endigini kemala getirmek geljekki kämil şahsyýetler bolup ýetişjek ýaş nesilleri terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.
Okamak — öz-özüňi terbiýelemegiň iň oňat ýoly. Halkymyzyň taryhyny, milli özboluşlylygyny, asylly ahlak sypatlaryny açyp görkezýän eserleri okanyňda, ata-babalarymyza bolan buýsanç duýgulary oýanýar.
Okamak — akyl taýdan ösüşi goldaýar. Adam okaýarka beýni işjeňleşip, ünsi jemlemek ýeňilleşýär. Söz baýlygyňy artdyryp, has gowy aragatnaşyk ukybyny kemala getirýär.
Okamak — ýady güýçlendirýär. Beýniniň öýjükleriniň arasyndaky baglanyşygy berkidýär, şeýdibem, öwrenenleriňi ýatdan çykarmak ähtimallygyny azaldýar. Ol diňe bir täze maglumatlary aňsatlyk bilen kabul etmegi däl, eýsem, uzak wagtlap ýatda saklamagy hem üpjün edýär.
Okamak — dartgynlylygy azaldýar. Çeper eserler adam ruhuny başga dünýä alyp gidip, gündelik aladalardan daşlaşmaga ýardam edýär. Psihologiki rahatlyk döredip, depressiýanyň öňüni alýar.
Okamak — duýgudaşlygy (empatiýa) artdyrýar. Romanlar we hekaýalar dürli keşpleriň pikirlerini we duýgularyny duýmakda örän ähmiýetlidir. Biz çeper eserleriň içine girip okanymyzda, hiç haçan görmedik ýerlerimize we döwürlerimize syýahat edýäris. Nätanyş adamlar bilen dostlaşýarys, olaryň başdan geçirýän duýgularyna has gowy düşünýäris. Bu bolsa durmuşda adamlara ünsli we mylakatly çemeleşmegi öwredýär.
Okamak — hyýal güýjüňi ösdürip, dünýägaraýşyňy giňeldýär. Hyýal güýji ösen kişiler bolsa taryhy wakalary aňynda janlandyrmakda hiç hili kynçylyk çekmeýärler.
Okamak — ukyny sazlaýar. Nerw ulgamyny rahatlandyryp, tiz uklamagymyza getirýär. Bu bolsa biziň has gowy dynç almagymyzy üpjün edýär.
Okamak — bilim we iş başarnygyňy artdyrýar. Işewürlik gatnaşyklarynda meseleleri seljermekde we çözmekde, hyzmatdaşlar, işdeşler bilen täsirli aragatnaşyk saklamakda kömek edýär.
Oguljeren GURBANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy
Çeşmesi: Turkmenmetbugat





