
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda üç gezek ykrar edilen beýik gymmatlykdyr. Bu gymmatlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň çäklerinde döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň ähmiýeti barha artýar. Häzirki döwürde ençeme döwletler bu topara agza bolýarlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dünýä derejesinde has-da dabaralanýan ýylydyr. Sebäbi bu şanly sene BMG-niň 80 ýyllygyna gabat gelýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan içeri hem daşary syýasaty ähli ugurlarda giň gerim bilen dabaralanýar. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylymda, bilimde, sportda, medeniýetde, syýahatçylykda hem netijeli işleriň alnyp barylmagy oňyn tejribeleri toplamaga ýardam berýär.
Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat jemgyýetçiliginde asudalyk syýasatyny öňe sürýän oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda tagalla edýär. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň taryhy ähmiýetli beýik başlangyçlary — medeni diplomatiýanyň netijeli ýollaryny, köpdilli diplomatiýany öňe sürmegi umumadamzadyň bähbitlerini beýan edýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 50-nji mejlisinde, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýörite Kararnamalar esasynda üç gezek ykrar edildi. Biziň hemişelik Bitaraplygymyz islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmegiň mümkindigini öňe sürýän, ýagny milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny düzýän häsiýetlerden ugur alýar. Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň mekany hökmünde tanalýar, durnukly ösýändigi, abadançylygy berkarar edýändigi bilen tapawutlanýar. Geografiki taýdan örän amatly ýerleşmegi Diýarymyzy Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän döwlete öwürdi. Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň strategik ýollarynyň çatrygynda ýerleşip, bu iki yklymy birleşdirýän özboluşly köprüdir.
Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň baky bagtydyr, buýsanjydyr, dünýäde gülläp ösüşleriň binýadydyr. Bu mukaddesligi ezizleýän, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine guwanýan, buýsanýan türkmen halky toý-baýramlary dabaraly ýagdaýda belleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkyň arzuw-umytlaryny hasyl edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!
Sähragözel MÜRZÄÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň direktory.





