
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we ynsanperwer daşary syýasaty netijesinde beýleki döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklar barha berkidilýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanyp, dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkidýär we Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalaryny gaýgyrmaýar. Bu özboluşly hukuk derejesine eýerip, Türkmenistan Bitaraplygyň halkara hukugyň, parahatçylyk dörediji dialogyň durmuşa geçirilmeginiň netijeli guraly bolup biljekdigini iş ýüzünde subut etdi. Türkmenistan soňky birnäçe ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ähli ölçeglerde durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna çagyrýan Kararnamalarynyň ençemesiniň öňbaşçysy we awtordaşy bolup çykyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «2025-nji ýyl biziň halkymyz hem-de dünýä halklary üçin örän wajyp taryhy seneleriň, şanly wakalaryň ýylydyr. Bu ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýändigini buýsanç bilen bellemek isleýärin. Bu şygar biziň halkymyzyň parahatçylyga we dostluga, mydama ynanyşyp ýaşaşmaga bolan islegi bilen kemala gelendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda döwletimiz tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç, elbetde, halkyň ýürek sesidir, arzuw-islegidir. Halkymyzyň maksat-myrady bolsa biziň döwletimiziň ýöredýän syýasatynda öz beýanyny tapýandyr. Biziň öňe sürýän başlangyçlarymyzy bu gün dünýä bileleşiginiň giňden goldaýandygy bolsa taryhy hakykatdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem syýasy, ykdysady, medeni galkynyşlara, şöhratly wakalara baý ýyllaryň biri bolup taryha girjekdigine berk ynanýaryn» diýip belläp geçdi.
Gahryman Arkadagymyz şol taryhy çykyşynda: «Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň maksatlary beýikdir, bu beýik maksatlary amala aşyrýan halkymyz hem beýikdir. Şoňa görä-de, ähli işlerimizde diňe halkymyzyň bähbitlerinden ugur almalydyrys. Sebäbi biz halkymyzyň bähbitlerini öňe sürmegi döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri diýip hasap edýäris. Biziň alyp barýan ähli işlerimiz ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň parahat, abadan durmuşda, bolçulykda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, raýatlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işlerini sazlaşykly dowam etdirmeli» diýip, aýratyn nygtap geçdi.
Aşgabat şäheriniň halk maslahatynyň agzalary bolup, biz hem hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, beýik özgertmeleriň gadyr-gymmaty barada wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary yzygiderli guraýarys. Duşuşyklarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şöhratly wakalaryna beslenen eziz Diýarymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, agzybirligi we jemgyýetimiziň bitewüligi barada giňişleýin söhbetler edilýär. Duşuşyklarda edilýän çykyşlar mähriban Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da belent derejelere götermekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize aýdylýan alkyşlara utgaşýar.
Dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri uly üstünliklere beslensin!
Gurbannazar ATAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa, okuw-önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Aşgabat şäheriniň halk maslahatynyň başlygy, Hormatly il ýaşulusy.





