
Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamaklyga aýratyn üns berilýär. Çünki halk nakyllarynda «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýilýär. Şunuň bilen baglylykda, 21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Mäne Babanyň kümmetinde, Gadymy Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, orta asyr Dehistan şäherindäki Juma metjidinde, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Kerwensaraý» ýadygärliginde, Gadymy Amul galasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Horezm şahasynyň ugrunda ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Akjagala kerwensaraýynda degişli işleriň geçirilendigi barada hasabat berildi. Munuň özi halkymyzyň şöhratly geçmişini çuňňur öwrenmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu resminama laýyklykda, şu ýylyň ýazky we güýzki möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş işleri geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, 26-njy noýabrda milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralary boldy. Şolaryň arasynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginden tapylan eksponatlaryň bolmagy bu ýerde işlän alym-arheologlaryň zähmetiniň ýerine düşendigini aýdyň görkezýär.
Paryzdepe ýadygärliginde 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleri tarapyndan gazuw-barlag işleri alnyp baryldy. Geçirilen işleriň dowamynda ýadygärlikden Änew medeniýetine degişli örän gymmatly maglumatlar ýüze çykaryldy. Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň Änew medeniýetine bagyşlanandygyny bellemelidiris. Kitapda bu taryhy künjegi öwrenmekde Rafael Pampelliniň, Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň hem-de beýleki tanymal alymlaryň işleriniň ähmiýetiniň uludygy nygtalýar.
Bu ýerde alnyp barlan işleriň dowamynda taryh üçin örän wajyp bolan gymmatly täzelikleriň, hususan-da, onuň degişli gatlaklaryndan Änew medeniýetiniň gurluşyk düzümine çalymdaş otagyň diwar galyndylarynyň üsti açyldy. Bu jaýyň diwarlary (takmynan, 32 — 47 santimetr) örän galyň bolup, ol pagsadan gurlupdyr. Otagyň içinde iki gözli ojagyň bolmagy aýratyn ünsüňi çekýär. Ähtimal, ol öz döwründe otagy ýylatmak üçin ulanylandyr. Binagärligiň ilkinji başlangyç döwri hasaplanylýan irki döwürdäki şunuň ýaly käbir alamatlar Jeýtun medeniýetiniň ahyrky döwründe kemala gelip, Änew medeniýeti döwründe has-da ýokary göterilipdir.
Nobatdaky gazuw-barlag işleriniň netijesinde, Paryzdepeden keramika gaplarynyň bölekleri hem tapyldy. Olar hem Änewiň tapyndylaryny ýadyňa salýar. Biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllygyň birinji ýarymynda änewliler ulanan gaplaryna gyzyl, gara reňk bilen geometrik şekilleri çekipdirler. Paryzdepäniň keramiki gaplarynyň böleklerinde hem gara reňke golaý goýy goňur reňk bilen çekilen sadaja geometriki nagyşlar gabat gelýär. Gaplara çekilen nagyşlar, esasan, üçburçluk şekilinde bolup, olar örän köp duş gelýär. Paryzdepäniň demirgazyk-günbatar tarapynda uly bolmadyk gazuw-barlag işi dowam etdirilende, Jeýtun döwrüne degişli bolan keramika galyndylary we iki sany çakmak daşy hem tapyldy. Bu bolsa eýýäm ilatyň medeni derejesiniň kämilleşip başlandygyny aňladýar.
Häzirki döwürde Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup, köp sanly taryhy ýadygärlikleri rejelemek, ylmy esasda öwrenmek işlerini alyp barýarlar. Şunda ýurdumyzda bilelikdäki halkara arheologik toparlaryň birnäçesiniň hereket edýändigini hem nygtamalydyrys. Olaryň baş maksady taryhy ýadygärlikleri gorap saklamakdan we rejelemekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barlyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde arheologik, binagärlik ýadygärlikleri öwrenilýär we olaryň ýagdaýyna gözegçilik edilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestri kitap görnüşinde çap edildi. Ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlik tarapyndan «Asyrlaryň yzlary» atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň üçünji goýberilişi hem çapa taýýarlanyldy.
Görnüşi ýaly, ýurdumyzyň çäginden tapylan tapyndylar adamzat medeniýetiniň ösüş taryhynda uly ähmiýete eýedir. Arheologik barlag işleriniň ajaýyp netijeleri bolsa halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredip, şöhratly taryhymyz, milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şunda alymlarymyz we hünärmenlerimiz tarapyndan milli taryhy-medeni mirasymyzyň içgin öwrenilmegi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Arheologiýa ylmyny we muzeý işini ösdürmek babatda ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Rejep JOMMYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri, arheolog.





