
Her bir güni beýik işler, şanly wakalar bilen şöhratlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler hem barha rowaçlanýar. Çünki ilatyň saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, baý milli mirasymyzy dünýä ýaýmaga, tebigy baýlyklarymyzyň ähmiýetini çuňňur öwrenmäge, gadymy halk lukmançylygynyň däpleriniň dünýäde ykrar edilmegine örän uly ähmiýet berip, bu ugurda nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Şu jähetden, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiň nobatdaky jildinde şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilse, «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitapda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginden bäri geçen 30 ýylyň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda gazanylan üstünliklerden söz açylýar.
Milli Liderimiz: «Saglygyň höküm sürýän ýerinde geljege ynam hem güýçlüdir. Çünki saglyk geljegi gurmakda iň esasy sütündir» diýip belleýär. Bu jümleler ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyna uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelip, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarymyzda dünýä ölçeglerine laýyklykda enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleridir merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary gurlup, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.
Halkymyzyň saglygyny goramagy ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Rejep EZIZGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.





