
Bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşi bilim berlişiniň hili, ylmy gözlegleriň netijeliligi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, ýakynda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde geçirilen «Döwrebap bilim: milli miras we innowasion tehnologiýalar» atly ylmy-amaly maslahat döwletimizde bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmak, ýaş nesilleri kämil bilimli we terbiýeli edip ýetişdirmek babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezdi.
Üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, hünärmenleri, ýaş alymlar gatnaşdylar.
Umumy mejlisiň barşynda häzirki maglumatlar eýýamynda ylmyň we tehnologiýalaryň güýçli depginler bilen ösmeginiň bilim işine okatmagyň has amatly we ýokary netijeli döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, şeýlelikde, bilim bermegiň hilini dünýä ölçeglerine laýyk getirmek arkaly ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligine sazlaşykly goşulyşmagyna mümkinçilik berýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapargeldi Durdyýew öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitaplarynyň bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramakda gymmatly gollanmadygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda «Oguznamanyň» çuňňur mazmunyndaky taglymatlyk düşünjeleriň biriniň halypa-şägirtlik hakyndadygyna üns çekmegi paýhasly pederlerimiziň bu ugurda milli ýörelgäni kemala getirendigine we yzygiderli kämilleşdirip gelendigine şaýatlyk edýär.
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Maral Annagulyýewa etnopedagogika ylmynyň mümkinçiliklerini pedagogik işde peýdalanmagyň nazaryýet we usulyýet esaslary dogrusynda çykyş edip, etnopedagogikanyň özbaşdak ylym hökmünde kemala gelmeginiň adamy okatmak we terbiýelemek ulgamynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bilen berk baglanyşyklydygyna üns çekdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gülälek Annanepesowa bolsa öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň uly rowaçlyklara beslenmeginde ylmyň we ylmy çemeleşmäniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. Bulardan başga-da, ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler bilim-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ylmy-innowasion meseleleri hakynda garaýyşlaryny beýan etdiler. Soňra ylmy-amaly maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi.
Ylmy-amaly maslahatyň barşynda Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň taýýarlan «Döwrebap bilim: milli miras we innowasion tehnologiýalar» atly kitaby hem tanyşdyryldy. Şeýle hem ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar üçin Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guraldy. Onuň barşynda myhmanlar adamzat medeniýetiniň gadymy ojaklarynyň biri Marguş medeniýeti, şeýle-de welaýatyň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan arheologik gymmatlyklar, halkymyzyň geçmişdäki ýaşaýyş-durmuş medeniýeti, türkmen tebigatynyň özboluşly aýratynlyklary, nakgaşlyk, grafika eserleri, miniatýuralar, keramika we binagärlik önümleri bilen ýakyndan tanyşdylar.
Mahlasy, «Döwrebap bilim: milli miras we innowasion tehnologiýalar» atly ylmy-amaly maslahat ylym we bilim ulgamlarynyň wekilleriniň okatmagyň, terbiýäniň nazaryýeti hem-de usulyýeti boýunça özara pikir we tejribe alyşmagy üçin meýdança öwrüldi.
Kakajan ÇARYÝAROW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.





