
Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň awtory Janten Kaýanyň 2000-nji ýylda neşir edilen «Çaga terbiýesinde ene-atalara maslahatlar» atly kitabyndan bölekleri size ýetirýäris.
Gürrüňdeşlik bes edilmeli däl
Ene-ata bilen çaga arasyndaky gatnaşyklaryň bozulmagy sebäpli olaryň birek-birege bolan hormat-sylagyny, mähirliligini we geçirimliligini özünde jemleýän gürrüňdeşlikler seýrekleşýär. Şeýle ýagdaýda çaga ene-atasynyň mähir-muhabbetinden, kömek-goldawyndan we beýlekilerden ýüz öwürýär. Ene-ata bolmagy dürli kärleriň biri diýip hasap etsek, gürrüňdeşlikleriň seýrekleşýändigi ýa-da bes edilýändigi sebäpli her ýylda müňlerçe çaganyň öz hossarlaryny «işden çykarýandygyny», ýagny olar üçin öz ruhy dünýäsiniň, durmuşynyň gapysyny ýapýandygyny aýtmak bolar. Şeýle diýmek bilen, adamlaryň aňynda umytsyzlyk döretmek däl-de, çynlakaý meseleleri orta atyp, olaryň çözülmegine kömek etmek isleýäris. Kalplarymyzda birek-birege söýgi bolan wagty biziň başarmajak zadymyz ýokdur. Ýüreklerimizdäki mähir duýgusyny artdyrmak üçin şu aşakdaky ýazga seredeliň:
Mähir adajyklary
Gadymy döwürlerde ispaniýaly kartograflar karta çyzýan wagtynda olaryň ýanýoldaşlary «Meniň üçinem bir ada çyz!» diýer ekenler. Olar hem aýaly üçin ýer ýüzünde toslanyp tapylan bir ada çyzarmyş. Şonuň üçin öňki ispan kartalarynda «mähribanyma peşgeş adajyklary» bolupdyr.
Hristofor Kolumb deňiz syýahatlarynyň birinde gämidäki suw gorunyň azalandygy sebäpli ýoly gowy bilýän ispaniýalydan kartada çyzylan bir adajykda süýji suwuň barlygyny ýa ýoklugyny sorapdyr. Ispaniýaly adam mylaýym ýylgyryp: «Jenap, ol ada hakykatda bardyr öýdemok. Ony kartograf öz ýanýoldaşy üçin çyzan bolmaly» diýipdir. Adamsyndan özi üçin kartada bir ada çyzmagy haýyş eden zenan hem-de onuň islegini kanagatlandyryp, mähir adajygyny sowgat beren kartograf, gör, nähili gowy zat edipdir.
Iňlis patyşasy Edward hem öz söýgüli zenanyna «patyşalyk» sowgat edipdir. Eýsem, çyzmaga kartasy-da, sowgat etmäge şalygy-da bolmadyklar näme etmeli?! Aslynda, ýakynlarymyza sarp edýän ujypsyzja wagtymyz hem olar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgatdyr. Emma biz muňa biparh garaýarys.
Hakykatdan-da, her adamyň adasy bolup biler. Biz diňe karta bir ada çyzyp: «Bu seniňki!» diýmegi ýatdan çykarýarys. Hepdeläp görmedik dostlarymyza, ýakynlarymyza ýekeje hat ýollamak kellämize-de gelenok. «Bir obada ýaşaýarys, nähilem bolsa ýakyn» diýip pikir edýäris. Emma beýle däl. Bir obada, bir köçede ýa-da bir öýde ýaşasa-da, adam adamy ýitirýär. Ýitirilen adamlar bolsa yzyna gaýdyp gelmeýär.
«Bir enä hatlar» atly kitapda şeýle sözler bar:
«Çagalarymyz bizi begendirmegiň ýollary hakynda pikirlenýärler, ýöne biz olary nähili begendirjegimiz hakynda welin pikir etmeýäris».
Durmuşda arzuw-isleglerine ýetip bilmedik adamlar olaryň hakykata geçirilmegini çagasyndan tama edip: «Meniň amala aşyryp bilmediklerimi çagam amala aşyrar, meniň başarmadyklarymy çagam başarar» diýýärler. Meniň pikirimçe, esasy ýalňyşlyk şu ýerde. Çagalarymyz bizi bagtly etmegiň pikirini edýärler, ýöne biz olary bagtly edýän zatlar hakynda oýlanmaýarys. Çaga islesin ýa islemesin, gowy görsün ýa görmesin, oňa birnäçe zatlary öwredýäris. Näme sebäpden?! «Nähili gowy çagasy bar!» diýilmegi üçin! Haýyş edýäris, çagaňyzy öz islegleriňiziň pidasy etmäň!
Çaga terbiýesinde aşakdaky garaýyşlara üns berilmelidir:
● Hiç birimiz birkemsiz däl, emma özgelerden, esasanam, çagalarymyzdan olaryň birkemsiz bolmagyny talap edýäris;
● Gowy çaga ýetişdirmegiň ilkinji şerti gowy ene-ata bolmakdyr;
● Biz näme bilsek, şonam öwredýäris;
● Oňat terbiýe görüp, köpçülige goşulýan bir ýetginjek we onuň maşgalasy jemgyýet üçin uly bir hazynadyr;
● Ýatdan çykarmaň, düzedip bolmaýan ýalňyşlyklar hemem öwezi dolunmaýan ýitgiler bardyr. Ynha, çagalarymyz hem şonuň ýalydyr: olaryň ýalňyşlyga we ýitgä sezewar bolmazlygy hökmanydyr;
● Ene-atanyň borjy çagasynyň her bir işinden kemçilik gözlemek däl-de, ony goldap, ukyplarynyň ösmegini üpjün etmekdir.
● Hereketleriňiz çagalara aýdýan sözleriňizden has güýçli täsir edýändir. Şonuň üçinem bu babatda mähirli hem dogruçyl bolmaga jan etmelisiňiz;
● Maşgalanyň berip bilmedik ýa kem-käsleýin beren terbiýesiniň öwezini ne mekdep, ne-de jemgyýet dolup biler. Ene-atalar, siz gül nahalyny ýetişdirýän hormat-sylaga mynasyp bagbanlarsyňyz!».
Taýýarlan Mährijemal ÇARYÝEWA,
«Watan».




