
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesliň çuňňur bilim almagy, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Umumybilim berýän orta mekdeplerde ähli amatlyklary özünde jemleýän synp otaglarynda dünýäniň iň kämil kompýuter tehnologiýalary, multimedia serişdeleri ornaşdyrylýar. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanýan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary 2025 — 2026-njy okuw ýylyny üstünlikli jemlediler. Häzirki wagtda orta mekdebi tamamlaýan 12-nji synpyň okuwçylary üçin jogapkärçilikli hem-de tolgundyryjy günler dowam edýär. Olar gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrmak üçin öňünden taýýarlyk gördüler.
Mekdebimizde gutardyş döwlet synaglaryny tabşyrýan okuwçylarymyzy synaglara taýýarlamak, synag işlerini döwrebap guramak we talabalaýyk geçirmek meseleleri bütin okuw ýylynyň dowamynda mekdep ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň üns merkezinde bolup, degişli işler geçirildi. Synaglara taýýarlyk döwründe mugallymlaryň okuwçylara synaglar we olaryň geçirilişi, synag geçirilýän dersleriň okuw maksatnamalaryndaky has çylşyrymly temalara degişli soraglar barada ugrukdyryjy maslahatlar berildi.
Şu ýyl mekdebimizi uçurymlaryň 104-si tamamlaýar. Olar gutardyş döwlet synaglarynyň ilkinjisini — ene dili we edebiýatdan jemleýji döwlet synagyny tabşyrdylar. Bu ders boýunça okuwçylara synag gününde üç sany tema hödürlenildi. Birinjisi — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany». Ikinjisi — «Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestinde Şüküriň keşbi». Üçünjisi — «Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romanynda ýetginjek Mälikgulynyň çeper keşbi».
Temalar boýunça okuwçylar düzmäni talabalaýyk ýazyp tabşyrdylar. Synaglaryň jemleri boýunça oňat netijeleriň gazanylmagynda synag tabşyrýan okuwçylaryň synp ýolbaşçylary bolan Saodat Satlykowanyň, Göwher Dädebaýewanyň, Ýaňyl Kasymowanyň, Gülälek Ýollyýewanyň hem-de ders mugallymlarynyň bilelikdäki alyp baran işlerini bellemek bolar. Tejribeli halypa mugallymlar düzme ýazmaga taýýarlyk işlerini sapakdan daşary, okuwçylaryň boş wagtlarynda hem dowamly alyp bardylar. Okuwçylara temalar boýunça meýilnamalary düzmegi, öý düzmesini ýazyp gelmek yzygiderli tabşyryldy. Mugallym tarapyndan olara düzmäniň talaplary: işiň mazmunynyň tema laýyk gelmelidigi, mazmunyň tema laýyk düzülen meýilnama esasynda yzygiderli beýan edilmelidigi, sözleriň öz ýerinde takyk ulanylmalydygy, dürs ýazuw kadalaryny saklap, arassa we düşnükli ýazmalydygy ýatladyldy. Şeýle işlerden soňra uçurymlarymyz gowy netijeleri görkezerler.
Ogulsapar ANNAGULYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň mugallymy.




