
Beýik maksatlar üçin yhlasly okaýan, öwrenýän, döredýän bagtyýar ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri buýsanjymyzdyr, Ýer ýüzüne dolýan abraýymyzdyr. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okaýan zehinli okuwçylary ýüze çykarmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Şunda aýratyn ukyp-başarnyklaryny görkezen ýaş zehinleri höweslendirmek hem-de halkara bäsleşiklere taýýarlamak maksady bilen geçirilýän ders bäsleşikleri oňyn netijesini berýär. Mekdebimizde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, okuwçylarymyzyň milli we halkara derejelerinde geçirilýän zehin bäsleşiklerinde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş etmeklerine ýardam edýän usullary ulanmagyň tejribesini yzygiderli kämilleşdirmegi maksat edinýäris.
Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleri zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly itergi berýär. Okuwçylarymyzyň halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin bolsa giň mümkinçilikler bar. Halkara bäsleşikleriň netijeleri boýunça ýaş zehinlerimiz öňdäki orunlary eýeläp, baýraklara mynasyp bolýarlar. Muňa şu ýyl mekdebimiziň uçurymlarynyň gazanan üstünlikleri hem aýdyň mysaldyr. Has takygy, 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow şu ýylyň 6 — 11-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasyndaky 3-nji Halkara matematika olimpiadasynda bürünç medalyny, 3 — 8-nji maýy aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde geçirilen Balkan matematika olimpiadasynda bürünç medalyny eýelemegi başardy. Şeýle hem 12-nji synp okuwçysy Söýünmuhammet Geldimämmedow şu ýylda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda matematika dersinden 1-nji orna, 10 — 14-nji ýanwar aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen Halkara Žautykow olimpiadasynda bürünç medala, 3 — 8-nji aprel aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde geçirilen Balkan matematika olimpiadasynda kümüş medala mynasyp bolmagy başardy. Mekdebimiziň 12-nji synp okuwçysy Göwher Myradowa onlaýn arkaly geçirilen Halkara olimpiadasynda biologiýa dersi boýunça 1-nji derejeli Diploma we altyn medala mynasyp boldy. Şeýle hem ol «Stemco» atly Halkara onlaýn olimpiadasynda biologiýa dersi boýunça 2-nji orny we kümüş medaly eýeledi.
Mekdebimiziň okuwçylarynyň gazanýan üstünlikleri mugallymlarymyzyň birleşen tagallalarynyň netijesidir. Bäsleşiklerde ýokary netijeleri gazanmak üçin öňünden gowy taýýarlyk görýäris. Halkara ders bäsleşiklerine gatnaşýan okuwçylarymyzy umumybilim berýän orta mekdepde we ýokary okuw mekdebinde okan döwürlerinde bäsleşiklere gatnaşyp, ýeňiji bolan, tejribe toplan mugallymlaryň ýolbaşçylygynda bäsleşiklere taýýarlanmaklaryny gazanýarys. Mugallymlarymyz dersler boýunça zehinli çagalary ýüze çykarmak, olary bäsleşiklere taýýarlamak üçin okuw sapaklarynda her bir okuwçynyň bilim derejesini, özbaşdak pikirlenip bilşini, yhlaslylygyny, işjeňligini, erjelligini öwrenýärler. Şeýle hem okuwçylary bäsleşiklere taýýarlamakda, has zehinli we ukyply çagalary ýüze çykarmakda synpdan daşary işleriň ähmiýetine hem üns berýäris. Synpdan daşary işler okuwçylaryň okuw maksatnamasy boýunça alan bilimlerini giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga, edebiýatlar bilen özbaşdak hem-de döredijilikli işlemek başarnyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.
Zehinli okuwçylarymyz okuw ýylynyň dowamynda dersler boýunça geçirilýän bäsleşikleriň mekdep, etrap (şäher), welaýat (Aşgabat we Arkadag şäher) we döwlet tapgyrlaryna gatnaşýarlar. Bäsleşigiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylar bolsa, degişli taýýarlyklary görenlerinden soň, halkara derejeli bäsleşiklere gatnaşýarlar.
Geljegimiz bolan ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy babatda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris.
Maksatmyrat AGAMYRADOW,
Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.




