
Mähriban Watanymyzyň körpe balalary aýratyn üns-aladalar bilen gurşalýar. Zähmetsöýerlik hem-de watançylyk ruhunda terbiýelenýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Çagalaryň sagdynlygy, olaryň okamaklary, döredijilik ukyplarynyň doly açylmagy we rahat dynç almaklary babatdaky amatlyklar döwrüň talabyna laýyk ýola goýulýar. Esasy Kanunymyzda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda çaganyň sagdyn ösüşine, ahlak kämilligine, terbiýe mekdebi saýylýan maşgalanyň abadançylygyna gönükdirilen kadalar göz öňünde tutulýar. Eneleriň, ýaş we köp çagaly maşgalalaryň durmuş goldawy, nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe alyp, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi we eşretli durmuşda ýaşamagy döwletimiziň üns merkezinde saklanylýar. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri möhüm orun eýeleýär. Ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýandygy, kömege mätäç maşgalalaryň bagtly geljegi ugrunda edilýän tagallalaryň toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedigi halkymyzda uly hoşallyk döredýär. Şeýle sogaply we buýsandyryjy işleriň hatary artýar.
Her ýylda bolşy ýaly, şu ýylyň tomusky dynç alyş möwsümi hem çagalara uly şatlyk paýlaýar. 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Biz — bagtyýar çagalar!» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi guraldy. Bu dabaraly çäre Döwletliler köşgüniň okuwçy gyzlarynyň milli el işleriniň, şeýle-de suratkeş çagalaryň parahat Watanymyzy, şadyýan çagalyk dünýäsini, dostlugy, baýramçylyk görnüşlerini wasp edip çeken suratlarynyň sergisi bilen başlandy. Şonuň ýaly-da, Döwletliler köşgüniň «Joşgun» tans toparynyň aýdym-sazly çykyşlary örän täsirli boldy. Şatlyk-şowhunly guralan bu dabarada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary aýratyn täsir galdyrdy.
Dabaraly çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bellenilýän ajaýyp baýram mynasybetli Döwletliler köşgüniň şu ýylky uçurymlaryna we bu ýerde terbiýelenýän çagalara iberen baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Çagalar özlerine iberilen sowgatlar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.
Altyn SARYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».




