
Tomus pasly çagalara arzyly pursatlary bagyş edýär. Her bir pursady şatlyk-şowhuna, eşretli günlere beslenýän döwrümiziň ýaş nesilleriniň durnukly ösmegi, döwrebap bilim, terbiýe hem-de dynç almaklary üçin ýurdumyzda uly mümkinçilikler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaş nesillerimiz bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar, sagdyn ösýärler. Döwrebap derejede gurlup ulanylmaga berlen ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Ýaşyl ýaýla», «Dürdäne», «Bagtyýar nesiller», «Bagtyýarlyk», «Arkadagyň bagtyýar nesilleri», şeýle-de Awazadaky, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri tomusky dynç alyş möwsüminde çagalara giňden gujak açýar. Şu möwsüm mynasybetli düýn paýtagtymyzda ýerleşýän «Mekan» köşgüniň ýanynda aýdym-sazly dabaraly çäräniň şowhuny çagalaryň şadyýan sesleri bilen utgaşdy. Bu ýerden badalga alan awtobuslaryň kerweni Gökderedäki dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tarap rowana boldy. Welaýatlarda ýerleşýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almak üçin jemlenen çagalar bolsa, welaýat merkezlerinden aýdym-sazly dabaralar bilen ugradyldy.
Şu ýylky tomus paslynda çagalar daş-töweregini dag etekläp oturan gözel Gökderede ýerleşýän dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň on dördüsinde dynç alarlar. Welaýatlarda dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň bäşisi çagalaryň hyzmatynda bolar. Awazanyň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde bolsa, çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi.
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirmekleri üçin çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ähli mümkinçilikler döredildi. Möwsümde umumybilim berýän orta mekdepleriň bilim işgärleri terbiýeçi mugallymlar hökmünde zähmet çekerler. Şeýle hem merkezlerde terbiýeçi mugallymlaryň kömekçileri bolup, ýurdumyzdaky mugallymçylyk ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar okuw-terbiýeçilik tejribeliligini geçerler.
Bagtyýarlyk döwrüniň balalary tomusky dynç alyş günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar üçin merkezlerde zerur hyzmatlaryň we çäreleriň ýörite meýilnamalary işlenip düzüldi. Merkezlerdewagtly-wagtyna dürli naharlar, gök önümler, miwe suwlary berler. Açyk we ýapyk howuzlar çagalaryň hyzmatynda bolar. Olar terbiýeçilik ähmiýeti bolan multfilmlere hem tomaşa ederler. Öýlänlerine bolsa gündelik aýdym-sazly çykyşlar guralar.
Dynç alyş möwsüminde özbaşdak kitap okamaga höwesli çagalar üçin ertekili kitaplar, çagalar žurnaly, goşgular ýygyndysy kitaphanalarda ýerleşdiriler. Daşary ýurt dillerini kämilleşdirmek we el hünärleriniň ussatlygyny görkezmek üçin gurnaklar hereket eder. Bu ýerde döredijilik we sungat bilen meşgullanýan çagalara niýetlenilen ýörite surat we çeperçilik gurnaklary hem dörediler. Çagalaryň kompýuterlerde işlemekleri üçin ähli şertler bolar.
Dynç alyş günlerinde mugallymlar çeper edebiýatdan we halk döredijiliginden giňden peýdalanyp işlemegi göz öňünde tutdular. Çaganyň terbiýesiniň kemala gelmeginde we kämilleşmeginde ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, ýaňyltmaçlaryň, matallaryň, sanawaçlaryň, rowaýatlaryň, eposlardyr dessanlaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin merkezlerde we meýdançalarda geçirilýän terbiýeçilik işlerinde halk döredijilik eserleri boýunça bäsleşikleri guramak meýilnama esasynda alnyp barlar.
Merkezlerde sport ýaryşlary aýratyn ähmiýete eýe bolar. Munuň üçin çagalaryň düzüminden ýörite toparlar dörediler. Sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar guramaçylykly ýagdaýda geçiriler. Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň, ýol hereketiniň kadalarynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly çäreleri dogry alyp barmak bilen bagly ýaryşlar we görkezme çykyşlar giň gerim alar. Ýeňiji toparlar baýraklar bilen höweslendiriler.
Hawa, gezelençler çagalaryň iň halaýan zady. Dynç alyş möwsüminde çagalaryň ýerlere gezelençleri hem guralar. Gökderedäki çagalar üçin paýtagtymyzyň gözel ýerlerine, haýwanat dünýäsine, seýilgählere guraljak syýahatlar ýatda galyjy wakalara öwrüler. Welaýatlardaky çagalar hem ýerlerdäki tebigy ýadygärliklere syýahat etmäge mümkinçilik alarlar.
Dynç alyş möwsüminiň dowamynda merkezara bäsleşikler hem şatlyk-şowhuna beslener. Şeýle-de merkezlerde ýurdumyzyň ussat artistleriniň, sungat işgärleriniň döredijilik duşuşyklary, sahna çykyşlary hem guralar.
Şähribossan ÖWEZOWA,
«Mugallymlar gazeti».




