
Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzda hünär-tehniki bilimiň hili ýokarlandyrylyp, jemgyýete peýdaly işleriň ähli esasy ugurlary boýunça hünärli işgärleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Hünär bilimini alýanlaryň ussatlygynyň ýokarlanmagynda, hünär derejeli işçileri taýýarlamakda önümçilik we tejribe okuwlary, hünär bäsleşikleri oňyn netije berýär.
6-njy iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde hünär-tehniki bilim maksatnamasyny amala aşyrýan bilim edaralarynyň ýaşlarynyň arasynda «Hünär ussatlygy» atly bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň çar künjeginden hünär-tehniki bilim alýan ýaşlar, olaryň halypa mugallymlarydyr ussalary paýtagtymyza ýygnandylar. Bäsleşigiň geçirilen ýeri özboluşly hünär baýramçylygyna öwrüldi.
Ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, olaryň saýlap alan kärine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek hem-de jogapkärçiligini ösdürmek, şeýle-de ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen yglan edilen bäsleşik 7 hünär ugry, ýagny elektromontaž, kafel (syrçaly ýuka plitka) düşemek, kerpiç örmek, santehnika, aşpezlik, konditerçilik, biçimçi-tikinçilik işleri boýunça geçirildi. Oňa 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşdylar.
«Hünär ussatlygy» bäsleşigi jemi üç tapgyrdan — hünär okuw mekdebi we okuw merkezi, Aşgabat, Arkadag şäherleri, welaýatlar boýunça tapgyrlardan hem-de jemleýji döwlet tapgyryndan ybarat boldy. Oňa gatnaşyjylar her bir işi tehnologik sowatlylyk bilen ýerine ýetirip, ukyp-başarnyklaryny, kämil ele alan zähmet we iş öndürijilik usullaryny görkezdiler. Olar zähmet, tehniki, elektrik, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini, ekologiýa we zähmeti goramagyň talaplaryny, arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde ýerine ýetirilen ýumuşlaryň (işleriň) kesgitlenen wagtda doly tamamlanmagyna, hiline baha berildi.
Aşpezlik işleri boýunça Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Ogulgerek Saparowa, konditerçilik işleri boýunça Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Aýbölek Muhadowa, biçimçi-tikinçilik işleri ugrunda Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Gurbanaý Annamowa dagy birinji orny eýeledi. Elektromontaž işlerinde Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň diňleýjisi Ymamberdi Söhbetow, santehnika işlerinde Daşoguz welaýat häkimliginiň garamagyndaky 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň diňleýjisi Rustambek Abdullaýew, kerpiç örmekde Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň diňleýjisi Aman Seýtekow, kafel düşemekde Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Nepes Rahmanberdiýew dagy has tapawutlandylar.
Şeýle-de hünär bäsleşiginde Tejen etrap häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň «Ahalobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Tejen şäherindäki hünär-tehniki okuw mekdebiniň, Ahal welaýat häkimliginiň 4-nji we 7-nji hünär-tehniki okuw mekdepleriniň, Kaka etrap häkimliginiň 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň, Balkanabat şäher häkimliginiň Gumdag şäherçesindäki 3-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Garaşsyzlyk etrap häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň, «Daşoguzobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Daşoguz şäherindäki hünär-tehniki okuw mekdebiniň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň, Energetika ministrliginiň Mary şäherindäki hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyplarydyr diňleýjileri ussatlyklaryny görkezip, baýrakly orunlara eýe boldular.
Ýeňijilere hem-de guramaçylara Bilim ministrliginiň diplomlary, minnetdarlyk hatlary, sowgatlar gowşuryldy. Hünär bäsleşigine gatnaşyjylar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilim ulgamyndaky rowaçlyklaryň başynda duran hormatly Prezidentimize, «Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünärli, kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby, pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür» diýýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny beýan etdiler.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».




