
Düýn Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, talyplaryň, okuwçylaryň gatnaşmagynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV integrirlenen olimpiadanyň hem-de ýaşlaryň arasynda geçirilýän innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Onda çykyş edenler Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky tagallasy netijesinde şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilip, olaryň indi aýdyň netijeleri berip başlandygyny buýsanç bilen bellediler.
Bu ýyl geçirilen olimpiadanyň ilkinji tapgyryna ýurdumyzyň ähli etraplaryndan 22 müňden gowrak okuwçynyň gatnaşmagy onuň geriminiň giňdigini we ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döredýändiginiň aýdyň görkezdi. Birinji tapgyrdan üstünlikli geçen 2 müň 500-den gowrak okuwçy ikinji tapgyrda öz bilimini we ukyp-başarnygyny synady. Netijede, iň güýçli 68 okuwçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
«Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly integrirlenen olimpiadanyň esasy maksady ýurdumyzyň iň zehinli okuwçylaryny ýüze çykarmakdan, olary bir bitewi «altyn gazna» jemlemekden hem-de geljekde ylmy-tehniki ösüşe goşant goşjak ýaşlary kemala getirmekden ybaratdyr.
Bu bäsleşikleriň aýratyn ähmiýetli tarapy olaryň ýeňijileriniň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine okuwa kabul edilmekde möhüm artykmaçlyklara eýe bolmagydyr. Ýyllaryň dowamynda bu bäsleşiklerde ýeňiji bolan zehinli ýaşlaryň aglabasy uniwersitetiň talyby bolup, häzirki wagtda diňe bir okuwda däl, eýsem, halkara derejesindäki ylmy bäsleşiklerinde hem ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýarlar.
Halkara bilermenler tarapyndan ýokary baha berlen esasy ugurlaryň biri hem hut «Oguz hanyň zehinli nesilleri» olimpiadasy bilen innowasion taslama bäsleşiginiň netijeliligi boldy. Sebäbi bu bäsleşikler uniwersitetiň zehinli ýaşlary özüne çekmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak we geljekki üstünlikleriň binýadyny döretmek boýunça netijeli taslama boldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri biz bilen buýsançlaryny paýlaşýarlar:
Gülbahar Orazberdiýewa,
Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçysy:
— Innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşigine «Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa» ugry boýunça gatnaşyp, baş baýraga mynasyp boldum. Bu üstünlik meniň geljekki işlere, bäsleşiklere bolan höwesimi has-da artdyrdy. Ýurdumyz boýunça geçirilen bäsleşige orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarydyr, talyplary, mugallymlary gatnaşdylar. Men okamaga, döretmäge ajaýyp şertleri döredip berýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.
Aýnur Atamyradowa,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby:
— Begenjimiň çägi ýok. Men ýurdumyz boýunça geçirilen innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Bäsleşige «Innowasion ykdysadyýet» ugry boýunça gatnaşdym. Geljekde Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşandymy goşjakdygyma ynandyrýaryn. Ýaşlar barada edýän tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Aýjemal Hydyrowa,
Aşgabat şäheriniň «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mugallymy:
— Innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşigine «Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýa we täze materiallary öwrenmek» ugry boýunça gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldum. Bäsleşikde üstünlik gazanmagym okuwa, işe bolan höwesimi has-da artdyrdy. Ýurdumyzda ýaşlar üçin bilim almaga, döretmäge uly mümkinçilikleriň bolmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Milli Liderimize bolan buýsanjymy ýene bir gez beýgeltdi.
Ýörite habarçymyz.




