
Häzirki wagtda ykdysadyýetiň döwrebap ösüşi, esasan, üç ugruň, ýagny biotehnologiýalaryň, nanotehnologiýalaryň hem-de maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ugurlar boýunça innowasiýa tehnologiýalary esasynda ylym, bilim önümçiligi utgaşdyrmak babatda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda gol çeken Karary biotehnologiýanyň esasynda ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Biotehnologiýa mikroorganizmleri senagatda ulanmaga gönükdirilen ylmy-tehnologik innowasion ösüşiň wajyp ugurlarynyň biri bolmak bilen, ylmyň we önümçiligiň çalt ösýän hem-de toplumlaýyn pudagyna öwrüldi. Amaly-ylmy barlaglaryň ykdysadyýetdäki ýagdaýlardan üzňe bolmazlygyny gazanmak hem-de dünýä ylmynyň we tehnologiýalaryň geljegi uly bolan ugurlary boýunça innowasion ösüş mümkinçilikleri döretmek döwrüň talabydyr. Şoňa laýyklykda ylym ulgamynyň kuwwatyny, adamyň aň-bilim mümkinçiliklerini artdyrmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalara, tehnologiýalara we öňdebaryjy tejribelere daýanýan ösüşini üpjün etmäge, ylmyň, tehnologiýalaryň, önümçiligiň hem-de pudaklaryň arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär.
Oba hojalygy we innowasion senagat önümçiligi döwrüň wajyp pudaklarynyň birine öwrüldi. Şoňa görä-de biotehnologiýanyň usullaryny ulanmak bilen ekologiýa boýunça daşky gurşawyň hapalanmagyny we antropogen täsirleri azaltmagyň netijeli usullaryny döretmek, oba hojalyk pudagynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bioenergetika babatda biologik galyndylardan ýylylyk we elektrik energiýasyny öndürmek, lukmançylykda dermanlyk ösümlikleri «in vitro» şertlerinde ösdürmek we olaryň öýjük biomassasyny almak bilen, derman serişdelerini öndürmegi ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine öz oňyn täsirini ýetirer.
Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, onda tebigatyň biodürlüligini goramak, tebigy serişdelerden aýawly we netijeli peýdalanmak, «ýaşyl» tehnologiýalary amalyýetde ornaşdyrmak, azyk-suw bolçulygyny, arassaçylygyny we howpsuzlygyny gazanmak ýaly meseleler üstünlikli çözülýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga we gülzarlyga öwürmekde, şeýle-de ekologiýa taýdan azyk önümçiligini we howpsuzlygyny üpjün etmekde biologiýa ylmyny döwrebap derejede bilmek zerurdyr. Ynsan saglygyny goramakda hem ýetilen sepgitler, ilkinji nobatda, biotehnologiýada gazanylan üstünlikler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Bu ugurda ýurdumyzda bitýän ösümlikleriň dermanlyk aýratynlyklaryny, adam bedenine ýaramlylygyny öwrenmekde, ösümlikleriň täze görnüşlerini taýýarlamakda alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary ýakyndan ýardam berýär. Biotehnologiýalar arkaly oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmek, ýokary hilli, halkara ülňülerine laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa önümleriň täze görnüşlerini döretmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň düzüminde biotehnologiýalar boýunça döwrebap ylmy barlaglary alyp barmak üçin ýörite barlaghana hereket edýär. Bu ýerde bioenergetika babatda biologik galyndylardan ýylylyk we elektrik energiýasyny, şeýle hem ekologiýa taýdan howpsuz önümleri almaga, dermanlyk ösümlikleriň üstünde biotehnologiýanyň kömegi arkaly synag işleri yzygiderli geçirmäge giň şertler döredilendir.
Biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny berkitmek, biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importuň ornuny tutýan hem eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmakdan ybaratdyr. Bu ugurdan geljek 4 ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmeli işleriň ýörite meýilnamasy tassyklanyldy. Meýilnama boýunça talyplaryň biotehnologiýa usullaryny giňden peýdalanmak arkaly oba hojalygynda ekinleriň we mallaryň tohumçylyk seçgi işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekerançylyk üçin bioserişdeleri öndürmek we biologik usullar arkaly ösümlikleri goramak boýunça degişli ylmy barlaglary geçirmek, biotehnologik önümleri öndürmegiň tehniki şertlerini, kadalaşdyryjy resminamalary, «ýaşyl» standartlary işläp düzmek, bu ugurdan hünärmenleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlara iş saparlaryny guramak ýaly meseleleri göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda hem uniwersitetiň biotehnologiýa ylmy-önümçilik merkezinde professor mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplarymyz Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplaryndan diplom işlerinde peýdalanýarlar. Talyplar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutjak, bäsdeşlige ukyply bolan ýokary hilli önümleri taýýarlaýarlar, olary öndürmegiň innowasion tehnologiýasyny tejribehana şertlerinde giňişleýin öwrenýärler. Bulardan başga-da, häzirki wagtda uniwersitetde biotehnologiýa taýýarlygy ugry boýunça 170 den gowrak talyp döwrebap bilim alýar.
Ýurdumyzda ýaş hünärmenleri taýýarlamaga we hünär derejelerini ýokarlandyrmaga döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Mukam EKÄÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.




