
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda milli bilim ulgamy kämilleşdirilip, oňa iň döwrebap sanly ulgamlar, innowasiýalar hem-de halkara tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Garaşsyz döwletimizde talyp ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy we olaryň innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesillere dünýä derejesinde bilim bermek maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen halkara gatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn üns berilýär.
Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasynyň» açylandygyny hem görkezmek bolar. Bu halkara taslamasynyň durmuşa geçirilmegi türkmen-hytaý dostlukly hyzmatdaşlygynyň taryhynda we ony pugtalandyrmakda täze bir sahypany açdy. Şanly ýylymyzda döredilen täze merkez ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek işleri häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Şu maksat bilen durmuşa geçirilýän «Lu Ban ussahanasy» halkara taslamasy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilim we ylmy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ussahana döwrebap sanly enjamlar hem-de ýöriteleşdirilen barlaghana ulgamlary bilen üpjün edilip, talyplara we mugallymlara innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Maral GELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.




