
Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň arasynda yglan eden «Möwsümiň iň işjeň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu hormatly ady «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezimiz gazanmagy başardy. Şeýle hem «Demirýolçy», «Nebitçi», «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň tapawutlananlaryň hataryndadygy bellenildi. Olara Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýurdumyzyň bagtyýar balalary üçin tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezimizde möwsümiň dowamynda çagalaryň 500-si dynç aldy. Olaryň arasynda Döwletliler köşgüniň çagalary hem bar. Olar merkezimizde wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirdiler. Munuň üçin çagalar merkezimizdäki birnäçe gurnaklara höwes bilen gatnaşdylar. Olardan gyzlar üçin niýetlenen «Çeper eller» gurnagy, surat, kitaphana, sport oýunlary gurnaklary çagalaryň hyzmatynda boldy. Şunuň bilen bir hatarda, merkezimiziň üçünji gatynda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen oýun otagy, howluda irki maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen trenažor, futbol we woleýbol, basketbol meýdançalary, iki sany suw howzy, açyk howadaky amfiteatr bar.
Annasoltan BAÝRAMOWA,
Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň uly terbiýeçi mugallymy.




