
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiz bütin adamzadyň ählumumy ýörelgelerine we maksatlaryna esaslanýan daşary syýasaty amala aşyryp, halkara gatnaşyklaryň geografiýasyny giňeldýär, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürýär. Bu strategik syýasat ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegini üpjün edýär, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Watanymyzyň abraýyny has-da ýokarlandyrýar.
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 16-njy iýulynda ýola goýlup, döwletara, hökümetara we pudagara resminamalara laýyklykda ýokary depginler bilen ösdürilýär. 2015-nji ýylda deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormatlamak we birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gruzin gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugrundaky tagallalary, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýän beýik başlangyçlary üçin Gahryman Arkadagymyza Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi diýen ylmy at berildi.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň bilim ministri.




