
Şu günlerde ene-atalaryň iň uly islegi — çagalarynyň tomusky dynç alşynyň gyzykly, şadyýan hem-de peýdaly geçmegini gazanmak. «Dana» hojalyk jemgyýetiniň bilim merkezindäki tomusky okuwlar hut şu maksat bilen ýola goýuldy.
«Dana» hojalyk jemgyýetiniň adybir bilim merkezine gadam basanyňda, ilkinji nobatda, ýokary hilli guramaçylyk, döwrebaplyk we mähirli gurşaw ünsüňi özüne çekýär. Merkezde çagalaryň bilim we dynç almagy, wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Merkeziň mugallymlary we işgärleri her bir çaga, her bir ene-ata bilen örän mylakatly gürleşýärler, islendik meselede hemişe höwes bilen kömek edýärler. Bu bolsa çagalaryň özlerini edil öýlerindäki ýaly rahat duýmaklaryna ýardam berýär. Bu ýerde çagalar dostlaşýarlar, toparlaýyn işlemegi öwrenýärler.
Bilim merkeziniň tomusky okuwyna 6 — 12 ýaş aralygyndaky çagalar kabul edilýär. Merkezde her bir çaganyň ýaşyna we kabul ediş ukybyna aýratyn üns berilýär. Şol sebäpli olar üç topar boýunça okadylýar: kiçi topar 6-7, orta topar 8-9, uly topar 10 — 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin niýetlenilen. Okuwlar irden sagat 09:00-dan 13:00-a çenli we öýlän sagat 14:00-dan 18:00-a çenli alnyp barylýar. Çagalaryň ýaş aýratynlygy boýunça toparlara bölünmegi mugallymlara her çaga bilen has ýakyndan meşgullanmaga we okuwy ýaşyna laýyklykda guramaga mümkinçilik berýär.
Merkezde IT, matematika, iňlis we rus dilleri ýaly sapaklary okatmagyň adaty usullarynyň üsti gyzykly oýunlar, toparlaýyn bäsleşikler bilen ýetirilýär. Çagalar hem oýnaýarlar, hem-de kompýuter sowatlylygynyň ilkinji ädimlerini, iňlis, rus dillerini özleşdirýärler, gürleşmegi, ýazmagy, okamagy öwrenýärler. Sapaklaryň dowamynda olaryň çalt pikirlenmek ukybyny, ýatkeşligini ösdürmek üçin gyzykly bäsleşikler geçirilýär. Her hepdäniň şenbe güni çagalar üçin ýörite gezelençler guralýar. Olar küýzegärçilik ussahanasyna baryp, öz elleri bilen toýundan dürli şekilleri ýasamagy öwrenýärler, gadymy we nepis senet bilen tanyşýarlar. Bu tejribe çagalarda döredijilik ukybyny döredýär. Teatrlara baryp, sahna sungatynyň dünýäsine aralaşýarlar. Paýtagtymyzyň gözel künjeklerine syýahat edýärler. Bularyň ählisi ösüp gelýän ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, ukyp-başarnykly, watansöýüji raýatlar bolup ýetişmegi barada edilýän döwlet derejesindäki alada özboluşly goşantdyr.
Ogulnur GELDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.




