
Halkymyzyň müňýyllyklardan dowam edip gelýän asylly ýörelgeleri bar. Pähimdar pederlerimiz geňeşmek, maslahatlaşmak ýaly ýörelgeleri kämilleşdirip gelipdir. Bu ýörelgeler agzybirligiň, döwletliligiň asylly nusgasy bolupdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde halkymyzyň asylly ýörelgeleri, milli demokratik ýoly ösdürilýär. Munuň özi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we döwrebap ösdürilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem döwletlilik ýörelgesi bolup, döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda berk binýat bolup durýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar ýurdumyz ösüş ýoly bilen öňe barýar. Jemgyýeti işjeňleşdirmek we milli demokratik ýörelgeleri ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Şeýle hem halk bähbitli işler barha rowaçlanýar, bedew batly ösüşler has-da belent derejelere eýe bolýar. Bu beýik işleri dowamly alyp gitmek, röwşen geljegimizi üpjün etmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda halk bilen geňeş etmek, döwletli çözgütleri kabul etmek asylly maksatdyr. Bu milli ýörelgäniň esasynda Halk Maslahatynyň ähmiýeti has-da aýdyň bolýar. Çünki häzirki döwürde döwletli başlangyçlar, halk bähbitli işler ýurdumyzyň belent üstünliklerini rowaçlandyrýar.
Ata-babalarymyzyň döwlet gurmakda toplan baý taryhy tejribesine daýanyp, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny öz içine alýan milli döwletliligiň özboluşly nusgasyny kemala getirmek ugrunda ägirt uly işler, ynsanperwer we adalat jemgyýetini gurmak boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň öz ösüşinde täze belentliklere çykmagy bilen şertlendirilen özgertmeleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilýändigi biziň her birimiz üçin buýsançly ýagdaýdyr. Munuň özi Halk Maslahatynyň milli demokratik ýörelgelerimize esaslanýandygyny aýdyň beýan edýän ugurlardyr. Özi hem bu ugurda bedew batly ösüşlerimizi mundan beýläk hem rowaçlandyrmak bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Halkymyzyň teklipleri, arzuwlary hasyl bolýar. Bularyň ählisi asylly ýörelge bolup, ildeşlerimizde buýsanç döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynda döwletiň depginli ösüşini üpjün etmegiň bähbidine amala aşyrylýan özgertmeleriň berk binýady döredilýär. Milli demokratiýanyň ösdürilmeginde Halk Maslahaty aýratyn orun eýeleýär. Taryhy ähmiýetli başlangyçlar hem milli ýörelgeleriň esasynda kemala gelýär. Munuň özi halkyň islegleriniň we arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr.
Mälim bolşy ýaly, 15-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda şeýle belledi: «Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak hemişe üns merkezinde bolmalydyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ösüşlerine halk köpçüligini işjeň çekmek, ildeşlerimiziň tekliplerini durmuşa geçirmek asylly ýörelgedir. Şunda döwlet bilen halkyň jebisligini, bir bitewüligini aýdyň görmek bolýar.
Köňülleri, ýürekleri birleşip, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti guran türkmen halky ösüşiniň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda toýdur baýramlar goşa-goşadan gelýär. Ykbaly göterilen türkmen halky şu şanly ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny ruhubelentlik bilen belleýär. Häzirki wagtda döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm jemgyýetçilik- syýasy wakasy bolan bu ählihalk forumda ýurdumyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek resminamalar berkarar ýurdumyzyň täze taryhyna ýatdan çykmajak ähmiýetli waka bolup girer. Beýik ösüşlere ýetmegiň ýolunda halkymyzyň mäkäm jebisleşýändigine, türkmen döwletiniň, türkmeniň döwletliliginiň binýadynyň mizemezdigine ýene-de bir aýdyň subutnama bolar. Goý, ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda, döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmekde, jemgyýetimizi jebisleşdirmekde, türkmen döwletini ösüşiň täze belentliklerine çykarmakda alnyp barylýan işler rowaçlyklara beslensin! Ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Baba MYRATBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.




