
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda nurana geljegimiziň eýeleri boljak bagtyýar ýaşlaryň berk bedenli, aň-bilim taýdan kämil we milli ruhda terbiýelenmegi üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalyp, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar, bilim özgertmeleri amala aşyrylýar. Ylym-bilim kämilligiň berk binýady bolup, ýurdumyzda bilimli, ylymly ýaşlary kemala getirmek möhüm wezipeleriň hataryna girýär.
Ýokary bilimli, ylymly ýaş hünärmenleri ýetişdirmek ýokary okuw mekdepleriniň paýyna düşýär. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyplyga dalaşgär ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri dowam edýär.
Biziň ylym-bilim ojagymyz bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem resminamalary kabul etmek işi guramaçylykly alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdebimize talyplyga dalaşgär ýaşlar öz saýlap alan ugry we hünäri boýunça tölegli hem tölegsiz esasda bakalawr, hünärmen hem-de magistr maksatnamalary boýunça resminamalaryny tabşyrýarlar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatynda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilen şertlerden we giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, uniwersitetimizde hünärleriň 30-dan gowragy boýunça ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar.
Uniwersitetde resminamalaryň kabul edilýän ýerinde her fakultet, hünär boýunça ýörite ýazgylar esasynda dalaşgärlere degişli maglumat berilýär. Tejribeli mugallymlar tarapyndan dalaşgärler üçin ýörite okuw-maslahat sapaklary geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, milli bilim ulgamyny hil taýdan dünýä derejesine çykarmak babatynda gaýragoýulmasyz işler alnyp barylýar. Milli ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan ähli özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady ösüşini kesgitleýär. Geljekde nesillerimiziň dünýä derejesinde ýokary bilim almagy, ylmyň, tehnikanyň kämil tehnologiýalaryndan baş alyp çykmagy babatynda döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Dalaşgär ýaşlarymyza talyp bolmak bagtyna eýe bolup, geljekde ýokary derejeli, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýurdumyzy ösdürjek kämil şahsyýetler bolmaklaryny arzuw edýäris.
Aýnur SOPYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy. Surata düşüren Şirmyrat MAGTYMGULYÝEW.




