
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylyň şygary bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şanly ýylda öňde durýan belent maksatlar ähli pudaklar bilen birlikde, biz — mugallymlaryň öňünde hem möhüm wezipeleri goýýar.
«At — myrat», «Atym bar — ganatym bar» diýýän parasatly halkymyz şabaz bedewlerini çeper döredijiligiň dürli görnüşleri arkaly wasp etmegi başarypdyr. Munuň şeýledigine taryhyň şaýatlary bolan dürli döwürlere degişli taryhy-medeni ýadygärliklerden ýüze çykarylýan bedewi wasp edýän arheologik tapyndylar şaýatlyk edýär. Hemişe-de türkmeniň bedewe goýýan hormaty, oňa siňdirýän mähri çäksizdir.
Hawa, behişdi bedewlere türkmeniň söýgi-sarpasynyň örän gadymy kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Her halk özüne mahsus gymmatlyklary döredip, asyrlarboýy sünnäläp, ajaýyp sungat derejesine ýetiripdir. Ol gymmatlyklar bolsa, bireýýäm adamzadyň medeni-ruhy gazananlarynyň hataryna geçdi. Şeýle gymmatlyklarymyzyň biri — türkmeniň ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy.
Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň zehininden hem-de çuňňur yhlasyndan kemala gelip, özüniň berk bedeni, ýyndamlygy, uzak ýörişlerde çydamlylygy, düşbüligi bilen göreni haýrana goýup, Ýer ýüzünde — türkmeniň syrdaşy, wepaly ýoldaşy, toý-tomaşasynyň bezegi, gaýduwsyzlygynyň ýüze çykmasynyň nyşany hasaplanylýar. Özüniň owadanlygy bilen dünýäni haýrana goýýan ajaýyp bedew atlarymyzyň türkmeniň kalby bolup dünýä ýaýramagy parasatly pederlerimiziň mähir-yhlasynyň netijesidir.
Halkymyzyň meşhur «Görogly» şadessanynyň baş gahrymany Görogly begiň Beýik Biribardan perzent dilemän, özüne syrdaş at dilemegi türkmen ruhunyň, watançylygynyň nesillere nusgasy bolup, biziň her birimiziň hakydamyzda hemişelik orun aldy. Şadessanda Gyrat Göroglynyň ömürlik ýoldaşy hem-de syrdaşy. Görogly oňa ynsana ýüzlenen ýaly ýüzlenýär. Begenjini, gynanjyny şonuň bilen paýlaşýar. Şadessanda bedewleriň häsiýetleri, hatda haýsy reňkli atyň nämä ukyplydygy dogrusynda hem anyk maglumatlar berilýär. Şadessanda Gyratyň waspy şeýle ýetirilýär:
Bedewiň asly behiştden,
Berekella, Gyrat, saňa!
Nalyň altyndan-kümüşden
Berekella, Gyrat, saňa!
Häzirki ajaýyp döwrümizde hem özüniň duýgurlygy, ynsan ýaly syzgyrlygy, wepalylygy, çydamlylygy bilen türkmeniň ýüreginde orun alan bedewleriň tebigy gözelligini, seýkin basyşyny, ýelden ýyndamlygyny wasp etmek üçin sözleriň gowudan gowusy saýlanýar. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň bedewler baradaky ýazan kitaplary aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň atçylyk sungatyny nusgawy derejelere götermek üçin uly işleri durmuşa geçirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň uludan belleniljek bu ýylynda ähli maksatlara bedew batly gadamlar bilen ýetiljekdigine halkymyzyň ynamy uly.
Güljemal ARRYKOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.




