
Ösüp gelýän ýaş nesliň kämil, sagdyn, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýörite düzülen meýilnamalar esasynda okuw-terbiýeçilik ähmiýetli dürli çäreler guralýar.
Bu ugurda mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem işleri talabalaýyk ýola goýmakda, sapaklary işjeň usullardan peýdalanyp guramakda birnäçe tagallalar edilýär. Biz hem çagalar bakja-bagymyzyň körpeleriniň bilimli, sowatly, sagdyn, milli ruhda terbiýelenen hakyky watançy nesil bolup kemala gelmegi ugrunda ýyllyk iş meýilnama esasynda okuw-terbiýeçilik işlerini alyp barýarys.
Çagalaryň tebigatynda täze maglumaty kabul etmekde eşidip öwrenmekden görüp öwrenmek has täsir ediji, ýatda galyjy hasaplanýar. Şonuň üçin biz sapakda okuw-görkezme esbaplardan ýerlikli peýdalanmaga üns berýäris we olaryň döwrebap, köptaraply bolmagyny gazanmakda birnäçe işleri ýerine ýetirýäris. Terbiýeçi mugallymlara çuň mazmunly okuw-görkezme we paýlaýjy esbaplary taýýarlamakda usuly ýardam bermek bilen birlikde, ol esbaplaryň diňe bir ders üçin däl-de, birnäçe sapaklarda ulanyp bolar ýaly edip taýýarlamagyň ýollaryny öwredýäris. Sapakda diňe elde ýasalan görkezme esbaplardan däl, eýsem, multimedia tagtasyndan peýdalanyp, slaýdlary, wideoşekilleri, prezentasiýalary hem taýýarlaýarys. Bu döwrebap we işjeň usul körpelere täze maglumaty oňat özleşdirmäge ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, biz mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda okuw-görkezme esbaplary taýýarlamakda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine, el işleriniň sergilerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarys. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli terbiýeçilerimiz öz elleri bilen sözleýşi ösdürmek dersinde peýdalanmak üçin «Garaşsyz Diýarym», ýönekeý matematika dersi üçin «Sanlar we balyklar», «Hünjüler», sowat öwretmek dersi boýunça «Harplar we sesler», «Men adymy ýazýaryn» atly görkezme esbaplary taýýarladylar.
Bilim özgertmeleriniň möhüm talaplaryndan ugur alyp, şu ýyl çagalar bakja-bagymyzda körpeleriň arasynda daşary ýurt dili dersleri boýunça «Kim köp söz bilýär?» atly döredijilik bäsleşigi geçirilip, körpeler Garaşsyz Watanymyzy rus we iňlis dillerinde wasp etdiler. Mekdebe taýýarlaýyş toparynda sözleýşi ösdürmek dersi boýunça guralan görelde sapakda bolsa körpelerimiz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň ady bilen baglanyşdyryp, ata Watanymyza bolan buýsançlaryny ruhubelentlik bilen beýan etdiler.
Akbibi ANNAÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 29-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.




