
Bedenterbiýe dersi boýunça guralýan sapaklar milli terbiýäniň aýrylmaz bölegi bolup, ol okuwçylaryň iň bir höwesli gatnaşýan sapaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda okuw maksatnamasy esasynda guralýan bedenterbiýe sapaklary ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, gujur-gaýratly bolmaklaryna hem-de hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilendir.
Bu ders boýunça okuw işiniň nazary düşündiriş we amaly işler arkaly mugallymyň özi tarapyndan görkezilmegi we köpçülikleýin ýerine ýetirilmegi bedenterbiýe sapaklaryny okatmagyň esasy aýratynlygydyr. Bedenterbiýe sapaklaryny okatmagyň ýene-de bir aýratynlygy, bu onuň takyk görkezijiler esasynda arassaçylygyň we howpsuzlygyň talaplarynyň berk berjaý edilmeginde guralmagydyr. Bedenterbiýe sapaklary okuwçylaryň bedeniniň berkemegine, çalasynlyk, çeýelik, çakganlyk, çydamlylyk, güýçlülik häsiýetleriniň terbiýelenmegine ýardam etmelidir. Olara hereket etmek, syrdam we owadan bolmak üçin göwräňi dogry tutmak boýunça ilkinji başarnyklar öwredilmelidir. Bedenterbiýe sapaklarynda çagalaryň howpsuzlyk düzgünlerini we arassaçylyk talaplaryny dogry berjaý etmek endikleri terbiýelenilýär. Okuwçylarda sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde we durmuşa ugrukdyrmakda bedenterbiýe sapaklarynyň örän uly ähmiýeti bardyr.
Bedenterbiýe mugallymynyň her bir synpyň okuwçylarynyň ýaş we psihologik aýratynlygyny göz öňünde tutup, bu sapagy örän oýlanyşykly guramagy möhümdir. Sapaklarda saýlanyp alynýan maşklar we hereketli oýunlar çagalaryň ýaş aýratynlygyna, beden taýýarlyklaryna laýyk gelmegi esasy şertleriň biridir. Mugallymyň bedenterbiýe sapaklary üçin sport ýaryşlarynyň görnüşlerini meýilleşdirende, mekdebiň maddy-tehniki mümkinçiliklerini we ýerli howa şertlerini nazara almagy hem hökmandyr. Bedenterbiýe dersiniň gyzykly we netijeli bolmagy üçin sapakda dürli usullardan hem-de okuw serişdelerinden peýdalanylmalydyr. Her bir sapak guramaçylyk we howpsuzlyk taýdan berk talaplar esasynda guralmalydyr. Bedenterbiýe sapaklarynda okuwçylar sport egin-eşiginde we sport aýakgabynda bolmalydyr.
Okuwçylara bilim bermekligiň toparlaýyn amala aşyrylýandygy bedenterbiýe sapaklarynyň ýene bir aýratynlygydyr. Bu bolsa terbiýäniň dürli görnüşlerini we ugurlaryny baglanyşdyryp öwretmäge mümkinçilik berýär hem-de okuwçylaryň oňat okamagyna oňaýly şert döredýär. Okuwçylara topar-topar bolup beden maşklaryny ýerine ýetirdilende ýa-da dürli oýunlar oýnadylanda, olarda birek-birege kömek etmek, dostluk-ýoldaşlyk ýaly duýgular terbiýelenýär.
Çagalara beden taýdan dogry hereket etmegi öwretmek we bedenterbiýe boýunça ilkinji bilimleri bermek maşgalada, çagalar bagynda, orta mekdepde we ýörite sport mekdeplerinde yzygiderlilikde amala aşyrylmalydyr. Okuwçylara öwredilýän maşklar dürli mazmunly we olaryň ýaş aýratynlygyna laýyk gelmelidir. Şeýle hem sapak okuwçylaryň umumy taýýarlygyna we sapak geçirilýän ýerde döredilen şertlere görä guralmalydyr. Bedenterbiýe sapaklary okadylanda, aňsatdan çylşyrymla geçmek usuly arkaly terbiýe bermek bilen baglanyşdyrylmalydyr.
Okuwçylaryň saglygyny gorap saklamak, ösdürmek we berkitmek esasy wezipeleriň biridir. Sebäbi okuwçylaryň mekdepde okaýan döwri bedeniniň ähli taraplaýyn ösýän döwrüdir. Bu döwürde okuwçylaryň bedenini berkitmek arkaly olaryň daşky gurşawyň täsirine bolan durnuklylygy kemala getirilýär.
Bedenterbiýe sapagy okuwçylary dogry hereket endiklerini ösdürmäge, şahsy we umumy gigiýenanyň talaplaryny doly we dogry berjaý etmäge, daşky gurşawyň täsirlerinden dogry netije çykarmaga, sagdyn durmuş endiklerini ele almaga, sportuň dürli görnüşleri boýunça bilimleri we howpsuzlyk tehnikasyny dogry berjaý etmäge, okuw-barlag ölçeglerini ýerine ýetirmäge taýýarlaýar.
Amangeldi ATABAÝEW,
Akdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.




