
Seýitdurdy GULJANOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby:
— Gahryman Arkadagymyzyň «Bedew — ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç» diýip belleýşi ýaly, türkmen halky bedewleri rowaçlyga ýetirýän nyşan hasaplaýar. Bedew atlara söýgim maňa-da ykbalymyň iň ýakymly pursatlaryny bagyşlaýar. Jerengözli diýen gara gysragymyzyň Niderlandlarda geçirilen dünýä çempionatynyň çäginde bir we iki ýaşar ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolmagy hem ömür kitabymy bezeýän ajaýyp wakalaryň biri boldy. Maňa «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda guralan dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň sylagy bolan 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyny, bäsleşigiň kubogyny ýüze sylmak bagty miýesser etdi.
Jerengözli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli. Ony bu bäsleşige taýýarlamak üçin yhlasymy gaýgyrmadym. Özüm kiçiligimden atlary juda gowy görýärin. Kakam Suhandurdy Kuljanow ençeme ýyllardan bäri Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda seýis-tälimçi bolup işläp gelýär. Men hem peder ýoluny dowam etdirip, bu ugurdan birnäçe ýyllap zähmet çekdim. Soňra bolsa nesibäm çekip, ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde açylan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna okuwa girdim. Seýisleýän, taýýarlaýan atlarymyz bilen Diýarymyzda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara yzygiderli mynasyp bolýarys. Şu ýylyň maýynda Özbegistanynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerinde-de bedewlerimiziň birnäçesi ýeňiji bolup, bizi juda begendirdi.
Halkymyz «Ata atym-atym diýseň at bolar», «At — myrat» diýýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Ýewropa yklymynda geçirilen dünýä çempionatynda yhlas bilen taýýarlan atymyň ýeňijileriň hatarynda bolmagy başymy göge ýetirdi. Biz şeýle ýeňişleriň ählisiniň aňyrsynda Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň durandygyny hemişe buýsanç bilen aýtmaga haklydyrys.
(Ýörite habarçymyz)




