

Gunça ŞAMYRADOWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara ahalteke atçylyk akademiýasynyň mugallymy, «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubynyň başlygy:
— Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşikleriniň guralmagy türkmen bedewiniň dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan muşdaklaryny bir ýere jemledi. Şeýle uly wakalaryň çäginde «Ahalteke bedewi: Türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara maslahatyň geçirilmegi atçylygy ylmy nukdaýnazardan ösdürmäge we bu babatda pikir alyşmaga döredilen möhüm meýdança boldy.
Häzirki wagtda halklary we kalplary birleşdirýän ahalteke atlary geçmiş bilen geljegiň arasyndaky köpri bolup durýar. Türkmeniň wepaly dosty, buýsanjy we syrdaşy bolan ahalteke atlarynyň şanyna Ýewropada guralan bäsleşiklere dünýäniň çar ýanyndan gatnaşyjylaryň gelmegi milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygyny görkezýär. Bu uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.




