

Patdyk PATDYKOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, atlaryň gözelligini heýkel eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijisi:
— Milli mirasymyz we buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň gaýtalanmajak gözel keşbini heýkeltaraşlyk sungaty arkaly şekillendirmek meniň üçin diňe bir döredijilik wezipesi däl, eýsem, belent mertebedir. Niderlandlar Patyşalygynda guralan halkara bäsleşikde «Maşgala» diýlip atlandyran heýkel eserimiň baş baýraga mynasyp görülmegi çeken yhlasly zähmetime goýlan belent sarpanyň nyşanydyr. Maňa ozal hem 2020-nji we 2022-nji ýyllarda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolmak miýesser edipdi. Bu gezekki bäsleşikde-de baş baýraga mynasyp bolmak has-da buýsandyryjy.
Bize — döredijilik işgärlerine şeýle giň mümkinçilikleri döredip, ajaýyp milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzünde dabaralandyrýan, milli medeniýetimiziň täze belent sepgitlere ýetmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!




