
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda şeýle belledi: «Häzirki XXI asyr tehnikanyň we tehnologiýanyň, sanly ulgamyň hem emeli aňyň yzygiderli ösýän asyrydyr. Häzirki ýaşlar sanly ulgamdan giňden peýdalanýarlar, emma her bir täzelik milli häsiýetimizden, türkmençilik däplerimizden üzňe bolmaly däldir. Islendik gyzyklanmanyň özüňi alyp baryş medeniýetiňe, dünýägaraýşyňa, ruhy ýagdaýyňa ýiti täsir edýändigi lukmançylyk ylmynda subut edilendir. Sanly ulgamyň çäksiz mümkinçiliklerini ýerlikli, öz akyl-paýhasyňy, başarnygyňy kämilleşdirmek üçin netijeli peýdalanmak ýaşlarymyzyň öňündäki jogapkärçilikdir».
Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly öňe barýar. Jemgyýetiň we ykdysadyýetiň esasy daýanç sütünleriniň biri bolan ylym-bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamlaryny kämilleşdirmek, yzygiderli ösdürmek ileri tutulýan ugurlardyr.
Agzybir, asuda halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde milli ylym-bilim we innowasion tehnologiýalaryň ösüşiniň möhüm ähmiýeti bardyr. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan milli tejribesine, milletiň medeni däp-dessurlaryna we özboluşlylygyna esaslanýan Türkmenistanyň ylym-bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamlaryny dünýäniň bu ulgamlary bilen sazlaşykly we utgaşykly ösdürmek esasy wezipeleriň biridir.
Ylym-bilim we innowasion tehnologiýalaryň gazanan netijeleriniň halkara jemgyýetçiliginiň ösüşine goşant goşýandygyny göz öňünde tutmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilimi we ylmy çalt depginler bilen ösdürmek we dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň üçin döwlet tarapyndan bilimiň we ylmyň ösüşine goldaw bermek üçin ähli şertler döredildi hem-de kanunlar kabul edildi.
Türkmenistanda bilimiň we ylmyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak üçin olaryň netijeli dolandyryş gurluşy döredildi. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde mekdebe çenli ýaşly çagalar, orta we ýokary okuw mekdepleri üçin täze binalaryň, çagalar üçin sagaldyş we dynç alyş merkezleriň gurulmagynyň dowam edýändigi muňa mysal bolup biler.
Ylym-bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamlarynyň, tejribehana enjamlarynyň, okuw-öwrediş maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagy okuw binalarynyň gurulmagy bilen sazlaşykly alnyp barylýar. Türkmenistanda berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulgama innowasion tehnologiýalary, olara degişli häzirki zaman kompýuterleri, multimedia okuw-öwrediş serişdeleri giňden ornaşdyrylýar. Bu täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur öňdebaryjy internet tehnologiýalary we ulgamy yzygiderli ösdürilýär, milli elektron okuw serişdeleri işlenip taýýarlanylýar.
Öňdebaryjy ylmy-tehniki çözgütleriň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm meseleleriniň netijeli çözülmeginiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň ösüşlerine goşulyşmak we durmuşyň ähli ugurlarynda olar bilen deň gadam urýan milli strategiýany amala aşyrmak babatynda asyrlara barabar özgertmeleri amala aşyrýar. Şeýle özgertmeleriň mazmuny durnukly ösýän ýurdumyzyň tehnologik täzeliklere bolan ymtylmalarynda has aýdyň ýüze çykýar. Has takygy, häzirki zaman milli jemgyýetimiz innowasiýalaryň artdyrylmagyny, täze tejribeleriň öwrenilmegini, dünýäniň ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar.
Häzir döwrüň ösüşlerinde uçdantutma sanlylaşdyrmak, ony ylmyň, tehnikanyň öňdebaryjy tejribeleriň esasynda ösdürmek strategiýasy alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamynyň gurluşy we işledilişi baradaky düşünjeler innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagynyň ýola goýulmagyndan, maglumat gorlarynyň bir ulgama saýlanylmagyndan, portallarda ýerleşdirilmeginden, olar bilen işlemegiň usulyýet esaslarynyň nazary hem-de amaly taraplarynyň ýola goýulmagyndan, netijede, maglumat üpjünçiliginiň baý bolmagynyň, aragatnaşygyň uzak aralykdan amala aşyrylmagynyň mümkinçilikleri baradaky düşünjeleriň emele getirilmeginden hem-de öwrenilenleriň durmuşda ýerlikli peýdalanylmagyndan ybaratdyr.
Güýçgeldi BERDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.




