
Täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren taryhy umumy okuw sapagy 2021-nji we 2023-nji ýyllaryň 1-nji sentýabrynda geçiren umumy sapagynyň logiki dowamy bolup, her bir türkmenistanlynyň, aýratyn-da, bilim işgärleriniň kalbynda egsilmez buýsanç duýgularyny oýardy. Alym Arkadagymyz watançylyk umumy okuw sapagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şöhratly taryhy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi, ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň hem-de maşgalanyň öňündäki borçlary hakynda durup geçdi.
Gahryman Arkadagymyz sapagyň dowamynda milli terbiýäniň, edep-kadalaryň, maşgala mukaddesliginiň, nesil terbiýesinde türkmençilik mekdebiniň inçe ýolunyň, hem-de kitaba we ylma bolan hormatyň ynsany kämillige ýetirýän baş şertdigini nygtady. Häzirki XXI asyrda, sanly ulgamyň we emeli aňyň çalt ösýän döwründe dünýä dillerini we innowasion tehnologiýalary düýpli öwrenmek bilen birlikde, öz milli häsiýetlerimizi we aslymyzy gorap saklamalydygymyz baradaky nesihatlar her bir ene-atany, aýratyn-da, biz — bilim işgärlerini has-da belent maksatlara ruhlandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň daşary syýasat ugruna, häzirki zaman dünýäsinde berkarar döwletimiziň tutýan ornuna we hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetine aýratyn üns çekip, Bitaraplygyň dialoga we parahatçylyga daýanýandygyny belledi.
Milli Liderimiz Bitaraplygyň mümkinçilikleriniň uludygyny aýtmak bilen, «Türkmenistan bitaraplygyň nazaryýetini hem-de amalyýetini baýlaşdyrmagyň, syýasy we ylmy binýadyny döretmegiň üstünde işlemegini dowam edýär. Bitaraplyga ýöriteleşen halkara hünärmenleri taýýarlamak bu işiň örän möhüm tarapy bolup durýar» diýip nygtady.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini esaslandyrmak baradaky teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ilkinji ädimi hökmünde Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde Parahatçylyk we Bitaraplyk kafedrasynyň döredilmegi, şu okuw ýylynda bu ugur boýunça ilkinji magistrleriň okuwa kabul edilmegi, bu kafedranyň ýanynda Parahatçylygyň, bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiki merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz talyplaryň ylmy-döredijilik we professional taýdan ösmekleri üçin täze we uly mümkinçilikleriň açylýandygyny aýratyn belledi. Bitaraplyk diňe bir syýasy düşünje bolman, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyň durnukly nusgasy hökmünde ykdysadyýeti, ylym-bilimi, innowasion tehnologiýalary, medeniýeti, sporty, maglumat-kommunikasiýa ulgamyny we beýleki köp sanly ugurlary öz içine alýan giň göwrümli taglymatdyr. Umumy okuw sapagyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz milli diplomatiýamyzda halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýetine, tejribeli diplomatlaryň geljekki hünärmenlere bilim-terbiýe bermegine döredilýän şertlere aýratyn üns çekdi. Hususan-da, halkara giňişlikde döwletimiziň bähbitlerini goran halypa diplomatlarymyz — Türkmenistanyň Gahrymanlary Aksoltan Ataýewanyň we Çynar Rustemowanyň bitiren taryhy hyzmatlaryna Milli Liderimiz tarapyndan ýokary baha berilmegi geljekki diplomatlary kemala getirýän biziň ýokary okuw mekdebimiz üçin aýratyn bir buýsanç we uly jogapkärçilikdir.
Milli Liderimiziň watançylyk sapagyndaky: «Ynsany kämillige we belent mertebä ýetirýän gymmatlyk, ilkinji nobatda, ylym we bilimdir. Şoňa görä-de, kämil bilim almak, okamak, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr» diýen sözlerinden ruhlanan türkmen ýaşlary, aýratyn-da, Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary ata Watana wepaly bolup, parahatçylygyň nyşany bolan türkmeniň ýaşyl baýdagyny dünýäde belentden parlatjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.
Begenç MÄTLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory.




