
Häzirki ajaýyp döwrümiz biziň her birimizi buýsandyrýar. Şeýle buýsançly pursatlarda bilim ulgamynda hem taryhy wakalaryň bolup geçýändigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagy taryhy waka boldy. Bu şanly waka diňe bir ýaşlaryň kalbynda orun alman, eýsem, her bir bilim işgäriniň, mugallymyň, umuman, ähli ildeşlerimiziň ýüreginde buýsanç döretdi. Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen umumy okuw sapagynyň çuňňur many-mazmuny bardyr. Bu taryhy umumy okuw sapagy ýurdumyzyň beýik ösüşlerini we röwşen geljegini, halkymyzyň şöhratly taryhyny aýdyň beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz umumy okuw sapagynyň dowamynda ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek hem-de şöhratly pederlerimiz, beýik şahsyýetlerimiz, ene dilimiz, milli edebiýatymyz barada giňişleýin gürrüň berdi. Milli Liderimiziň çykyşy ýaş nesle bilim-terbiýe berýän mugallymlar üçin hem uly ähmiýete eýedir. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly geçiren umumy okuw sapagy mugallymlar üçin beýik nusgadyr.
Gahryman Arkadagymyzyň her bir sözi ýurdumyzyň ýaşlaryna goýulýan uly sarpa, egsilmez ynama, belent buýsanja ýugrulandyr. Türkmen halkynyň irki döwürlerden gözbaş alýan buýsançly taryhy, beýik şahsyýetleri barada durup geçmek bilen, Gahryman Arkadagymyz ýaşlara beýik göreldäni beýan etdi. Bu bolsa ýaşlary şöhratly pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam etmäge, okamaga we öwrenmäge ruhlandyrdy. Ýaşlaryň özlerine bildirilen şeýle beýik ynam olaryň belent başlaryny göge ýetirdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli pudaklar boýunça innowasiýalara ýokary ähmiýet berilýär. Çünki häzirki döwürde sanly ulgamyň, täze innowasiýalaryň, emeli aňyň, tehnikalaryň tiz ösýändigini görmek bolýar. Dünýä derejesindäki şeýle ösüşlerden habarly bolmak we innowasiýalary özleşdirmek ýaş nesilleriň baş maksady bolup durýar. Bu ugurda köp işler durmuşa geçirilýär. Taryhy umumy sapakda bular babatda giňişleýin beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara döwrüň möhüm ylym-bilimlerini öwrenip-özleşdirip, kämil derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri barada aýdanlary hem ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Umumy okuw sapagynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjilik, edep-terbiýe, ylym-bilim barada aýdanlarynyň ýaşlar üçin, biziň her birimiz üçin gymmaty örän uludyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplary hem biziň üçin gymmatly gollanmadyr. Şeýle hem mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň bize miras goýan halypalyk ýol-ýörelgesi bilim işgärleri üçin ajaýyp görelde mekdebidir. Biz Gahryman Arkadagymyzyň taryhy umumy okuw sapagy üçin tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Serdar GURDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.




