
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen bagtly geljege tarap okgunly barýar. Her bir işde halkyň bähbidini ileri tutýan döwletimiziň içeri we daşary syýasaty dünýä ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmaga, ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagy, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratynyň has-da artdyrylmagy hoşniýetliligiň aýdyň beýanydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda her bir ugurda belent sepgitlere ýetilmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkidip, ilatyň maddy taýdan üpjünçilik derejesini artdyrýar.
Ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleriň, ösüşleriň özeninde hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen sahawatly syýasaty, ynsanperwer ýörelgesi durýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has ýokary götermekde, ilatymyzyň dynç alşyny, saglygyny berkitmekde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda ähli şertler döredilendir. Şeýle beýik ösüşlere buýsanýan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen barýar. Çünki toý-baýramlary üstünlikler bilen garşylamak asylly däbe öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Watanymyzyň asudalygynda we berkararlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler bu günki gazanylan üstünliklerimiziň netijesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çaga sesleriniň belentden-belent ýaňlanmagy bolsa ýurdumyzyň asudalygyndan we bagtyýarlygyndan nyşandyr.
Garaşsyzlyk ýyllary halkymyzyň rysgal-berekedini artdyrýan, bagtyýar durmuşyny dabaralandyrýan ajaýyp üstünliklere baý boldy. Ýurdumyzy uly özgerişlere besleýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatyna ähli halkymyz tüýs ýürekden guwanýar. Ýurdumyzda şanly baýramymyzyň toýlanýan günlerinde her bir adam özüniň zähmet sowgadyny taýýarlaýar. Ýazyjy özüniň ýiti galamy, sazanda ajaýyp saz eserleri, aýdymçylarymyz näzik owazlary, talyp ýaşlar oňat okamagy bilen baýramy garşy alýar. Şeýle şanly toýlar her bir ildeşimiziň kalbynda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri goýýar. Şunuň ýaly taryhy wakalar halkymyzyň kalbynda Watana bolan buýsanjy has-da belende göterýär.
Gülnar BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.




