
Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty diňe bir döwlet eýeçiligindäki iri toplumlara däl, eýsem, hususy pudagyň işjeňligine hem daýanýar. Döwlet — hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi netijesinde, ýurdumyzda importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilikler yzygiderli artýar.
Türkmen halkynyň köpasyrlyk döwletlilik däplerine görä, ýurduň ykbalyna degişli möhüm çözgütler elmydama halk köpçüligi bilen maslahatlaşylyp kabul edilipdir. Bu asylly ýörelge häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işinde özüniň döwrebap beýanyny tapdy. Halk Maslahaty — ýurtda raýat jemgyýetini we halk demokratiýasyny berkitmegiň ygtybarly guralydyr. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda Halk Maslahatynyň milli kökleri barada: «Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýip belleýär. Türkmen jemgyýetinde maslahatlaşmak, ýaşulularyň sözüne gulak asmak, il-günüň bähbidini nazara almak, döwletli işe başlamazdan öň geňeş etmek durmuş medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidir.
Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Häzirki wagtda umumymilli foruma taýýarlyk işleri örän ýokary derejede alnyp barylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň esasy syýasy-jemgyýetçilik wakasy bolmak bilen, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi mundan beýläk-de jebisleşdirmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýelär.
Halk bilen geňeşmek, köpüň pikirine sarpa goýmak, paýhasly karara gelmek türkmeniň müňýyllyklardan dowam edip gelýän ýoludyr. Bu ýol diňe bir geçmişiň mirasy däl, eýsem, häzirki döwrüň we geljegiň ösüş ýörelgesidir. Häzirki döwürde Türkmenistan abadançylygyň, durnukly ösüşiň we ynamly öňegidişligiň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Şeýle rowaçlygyň binýadynda parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleri, halkymyzyň ruhy gymmatlyklary durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşuly nesliň pähim-paýhasyny ýaşlaryň döredijilik kuwwaty bilen birleşdirýär. Bu günki gün ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary diňe bir taryhy gymmatlyklar hökmünde goralmak bilen çäklenmän, eýsem, sazlaşykly hereket edýän döwlet dolandyryş ulgamynyň möhüm şerti hökmünde yzygiderli kämilleşdirilýär.
Allaberdi BERDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.




