
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy bilen birlikde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegine, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işlerini, watançylyk taglymatlaryny, döretmek we gurmak baradaky şygarlaryny ýörelge edinen ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplary jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmegiň binýatlyk sütünleri hökmünde ykrar edilip, bu gün tutuş halkymyz, aýratyn hem, ýaş nesillerimiz üçin milli we umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan dünýägaraýşy kemala getirýän gymmatlyklar, ygtybarly çeşmeler hem-de genji-hazynalar hökmünde ähmiýeti barha artýar.
Milli we halkara ähmiýetli wakalar, şanly seneler we baýramçylyk dabaralary, ýokary derejede geçirilen sammitlerdäki, forumlardaky, maslahatlardaky sözlenen çykyşlar, ylmy makalalar, interwýular, gutlaglar we ýüzlenmeler Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň ezizdigi, ýeke-täkdigi, mukaddesdigi baradaky duýgularydyr, ýurdumyzyň gülläp ösmegi we halkara abraýynyň artmagy hakyndaky belent maksatlarydyr. Geçmişiň şöhratly taryhyny, şu günüň üstünlikleri bilen geljegiň beýik maksatlaryny birleşdirýän, halk bilen döwletiň bitewüligini dabaralandyrýan milli taglymatlarydyr, kalplarymyzyň aýdymy, dillerimiziň senasy bolan Garaşsyz Watanymyza, beýik ykbally, şan-şöhrata beslenen geçmişli türkmen halkyna bolan beýik söýgüleridir. Bu taglymatlar hem-de nusgalyk beýik işler uly terbiýeçilik ähmiýete eýe bolup, milletiň, döwletiň berkararlygy giň dünýägaraýyşly, nesilden nesle, atadan ogla, eneden gyza geçip, asyrlarboýy dowam edip gelýän millilige buýsanýan, Watanyny, halkyny mukaddes saýýan, ahlakly, edep-tertipli, görüm-göreldeli, bilimli, ylymly, durmuş ýoluna taýýar watansöýüji şahsyýetleriň kemala gelmegini üpjün edýär we ýaşlarymyzy döredijilikli işlere jebisleşdirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirýän umumy okuw sapaklary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşleriň ylmy-nazaryýet esaslaryny kesgitlemek bilen, milli bilim ulgamynda täze, intellektual eýýama ýol açdy. Milli Liderimiz öwüt-ündewlere hem-de pent-nesihatlara ýugrulan umumy okuw sapaklary arkaly Türkmenistanyň we türkmen halkynyň müňýyllyklardan biziň döwrümiziň häzirki şöhratly taryhy ýoluny, milli döwletlilik ýörelgelerini we döwrebap ösüşlerini utgaşdyryp, Garaşsyzlyk döwrüniň hem-de Bitaraplygymyzyň gazananlaryny ylmy esasda seljerip, ýaş nesillerimize geçmişiň, şu günüň, geljegiň ruhy arabaglanyşygy nukdaýnazaryndan bilim we terbiýe bermegiň täze usulyýetini esaslandyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagy Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda hem-de ak pata bermeginde Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, şeýle hem welaýatlarymyzda täze çagalar baglarydyr orta mekdepleriň açylyş dabaralary hem-de dürli baýramçylyk çäreleri bilen utgaşyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanjak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny has-da şöhratlandyrdy. Bu waka tutuş halkymyzyň, aýratyn hem, usulyýetçileriň, terbiýeçileriň, mugallymlaryň, professorlaryň, alymlaryň, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerine egsilmez ruhy güýç berdi. Ösüşiň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrülen Garaşsyz Watanymyza bolan milli buýsanjymyzy has-da pugtalandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz geçiren umumy sapagynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýylynyň dowamynda gazanylan üstünlikler, dünýä dolan abraýymyz hem-de mertebämiz, milli terbiýäni ösdürmek, türkmen halkynyň medeni-ruhy mirasyny, däp-dessurlaryny gorap saklamak we baýlaşdyrmak barada özüniň gymmatly pikir-garaýyşlaryny paýlaşdy, Watanymyzyň daýanjy bolan bagtyýar ýaşlarymyza öwüt-nesihatlaryny berdi. Umumy sapakda beýan edilen her bir jümlede, her bir sözde Garaşsyz Diýarymyza, il-günümize bolan beýik söýgi baradaky nurana pikirler dabaralandyryldy: «Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr», «Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur», «Watansöýüjilik ynsan gözelliginiň egsilmez hazynasydyr», «Watansöýüjilik — bu ata-babalarymyzyň mukaddes ündewidir», «Söýgi — bu seniň Beýik Biribara, mähriban Watanyňa bolan beýik duýgyňdyr». Şu nukdaýnazardan, Milli
Liderimiziň geçen umumy okuw sapagyny okuwçy we talyp ýaşlar, mugallymlar, bilim işgärleri, ähli halkymyz üçin döwürleri, nesilleri, ýürekleri birleşdirýän, döredijilikli işlere ruhlandyrýan, ata Watanymyza bolan milli buýsanjy terbiýeleýän watançylyk dersi diýip buýsanç bilen atlandyrýarys.
Garaşsyzlyk we Bitaraplyk «Watan» atly beýik düşünjäni emele getirýän biziň milli gymmatlyklarymyzdyr. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esaslaryna öwrülip, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň, döredijiligiň kuwwatly güýjüni özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň üstünlikleri halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar we ýokary baha berilýär. Milli gymmatlyk, şeýle-de tutuş adamzadyň baýlygy hökmünde Bitaraplygymyzyň, şeýle hem parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we hoşniýetlilik ýörelgelerimiziň halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýeti barha ýokarlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň buýsanç bilen belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyk halkymyzyň beýik mertebesiniň hem-de milli buýsanjynyň Ýer ýüzünde dabaralanmagydyr», «Bitaraplyk biziň doktrinamyzdyr, ol tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýar». Şoňa görä-de, çeper döredijilige, şygyr sungatyna, mugallymçylyk kärine belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan watançylyk dersinde türkmen halkynyň döwletlilik düşünjesiniň möhüm sütünleri bolan Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly ýolunda gazanylan tejribeler, bu iki mukaddes gymmatlygyň many-mazmuny, müňýyllyklardan gözbaş alýan pelsepesi häzirki günüň we geljegiň beýik maksatlary bilen baglanyşdyrylyp, häzirki zaman bilimleri, milli terbiýe, şahsyýetiň kämilligi, döwlet, berkararlyk we bagtyýarlyk baradaky dürdäne pikirler, şeýle hem watansöýüjilik şygarlary hem-de çagyryşlary bilen bitewüleşdirildi. Bu milli gymmatlyklarymyzyň türkmen halkynyň taryhy ykbalydygy, uly buýsanjydygy, üstünligidigi baradaky ruhlandyryjy jümleler arkaly watançylyk dersiniň ähmiýetini has-da dabaralandyrdy.
Umumy sapagyň mazmunyndan gelip çykýan möhüm netije şudur: Garaşsyzlygyň hakyky güýji Garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyna düşünýän şahsyýetlerde ýüze çykýar. Bitaraplygyň hakyky ruhy hem parahatçylygy, birek-birege hormaty we düşünişmegi durmuş ýörelgesine öwürýän adamlaryň medeniýetinde dowam edýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýaly milli döwlet gymmatlyklaryny ýaş nesle düşündirmek bilen birlikde, olaryň şol gymmatlyklara mynasyp bolmagy üçin zerur bolan bilim-terbiýäni hem bermek möhümdir. Diýmek, Garaşsyzlygyň geljegini diňe ykdysady ýa-da syýasy ulgamlar däl, eýsem, şol gymmatlyklara düşünýän we olary durmuşynda dowam edýän adamlar ösdürýär.
Şeýlelikde, Garaşsyzlygyň pelsepesi bilen milli terbiýäniň arasynda çuňňur baglanyşyk bar. Garaşsyz döwlet sagdyn pikirlenýän, bilimli, ruhy taýdan berk, zähmetsöýer we watansöýüji şahsyýetlere daýanýar. Milli terbiýe bolsa şeýle şahsyýetiň ruhy binýadyny döredýär.
Bu manyda türkmençilik ýoly bilen häzirki zaman ösüşiniň arasynda hem baglanyşyk bardyr. Milli gymmatlyklara daýanýan, şol bir wagtyň özünde dünýäniň häzirki zaman bilimlerini, ylmy-tehniki gazananlaryny we täze pikirlerini özleşdirýän nesil Garaşsyz Türkmenistanyň iň uly ruhy we intellektual baýlygydyr.
Milli Liderimiziň umumy sapagyny diňe talyp ýaşlara geçirilen sapak hökmünde däl-de, Garaşsyz Türkmenistanyň geljeginiň nähili şahsyýetlere daýanmalydygy baradaky giňişleýin pikirleniş hökmünde kabul etmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerinden we umumy sapagyň mazmunyndan gelip çykýan esasy filosofiýa: Garaşsyzlygy goramagyň iň ygtybarly ýoly — onuň gadyr-gymmatyna düşünýän, Watanyny söýýän, zähmeti bilen oňa hyzmat edýän we milli gymmatlyklary häzirki zaman bilimleri bilen utgaşdyryp bilýän kämil şahsyýeti terbiýelemekdir.
Çünki döwletleriň geljegini şol gymmatlyklary döredýän we dowam edýän adamlar ösdürýär. Şol sebäpli Garaşsyzlygyň ertiri, ilkinji nobatda, ýaş nesliň kalbynda, aňynda, biliminde, zähmetinde we Watana bolan söýgüsinde kemala gelýär.
Watançylyk dersindäki Milli Liderimiziň durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça umumadamzat ähmiýetli taryhy başlangyçlar, «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna gönükdirilen bitaraplyk, parahatçylyk we dostluk taglymatlar, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky alnyp barylýan işler baradaky buýsançly sözleri türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen taryhy hakydasyny, milli buýsanjyny, asylly häsiýetlerini emele getirýän binýatdyr, ýaş nesillerimizi watançylygyň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegiň ýol görkeziji ylmy-didaktik pelsepedir. Bu ylmy-didaktik pelsepeler Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň taryhy köklerine, binýatlyk ýörelgelerine, gadyr-gymmatyna düşünýän, Watanymyzy jany-teni bilen söýýän, döredijilikli zähmeti bilen il-güne hyzmat edýän, milli gymmatlyklarymyzy, ýörelgelerimizi, dessurlarymyzy häzirki zaman bilimleri bilen utgaşdyryp bilýän kämil şahsyýeti terbiýelemekde örän gymmatly çeşmelerdir.
Umumy okuw sapagyň esasy aýratynlygy onuň diňe geçmişi ýatlatmak bilen çäklenmän, Garaşsyzlygyň manysyny häzirki günüň we geljegiň maksatlary bilen baglanyşdyrmagyndadyr. Garaşsyzlyk döwletiň öz ýoluny saýlamak mümkinçiligini aňladýan bolsa, Bitaraplyk şol ýoly parahatçylyk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bilen utgaşdyrmagyň nusgasydyr. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk bilen Bitaraplyk türkmen halkynyň döwletlilik düşünjesiniň iki möhüm sütünini emele getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu gymmatlyklaryň ähmiýeti diňe häzirki nesil üçin däl, eýsem, geljek nesiller üçin hem örän uludyr.
Umumy sapagyň ikinji möhüm ugry türkmençilik ýolunyň we milli terbiýäniň ähmiýeti bilen baglydyr. Milli Liderimiziň türkmençilik baradaky pikirleri bu düşünjäni diňe däp-dessurlaryň toplumy hem-de halkyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren durmuş pelsepesiniň, ahlak ýörelgeleriniň we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň bitewi ulgamy hökmünde kabul etmäge esas berýär.
Milli terbiýe nesilleriň arasynda ruhy we ahlak dowamlylygyny üpjün edýän durmuş mekdebidir. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, sözüňde durmak, halal zähmete sarpa goýmak, myhmansöýerlik, agzybirlik, Watana wepalylyk, il-günüň bähbidini şahsy bähbitden ileri tutmak ýaly ýörelgeler türkmeniň asyrlarboýy kemala getiren durmuş medeniýetiniň möhüm bölekleridir.
Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň milli däp-dessurlary we edep-ekram kadalary ýaş nesliň terbiýesinde möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi halkyň milli häsiýeti taryhy eserlerde ýa-da geçmiş hakyndaky maglumatlarda, şeýle hem gündelik durmuşdaky özüni alyp barşynda, adamlara bolan garaýşynda, uly-kiçi bilen gatnaşyklarynda, zähmete we Watana bolan gatnaşygynda hem ýaşaýar.
Şol sebäpli häzirki döwürde milli terbiýäniň öňünde duran esasy wezipe geçmişi diňe gaýtalamak däl, eýsem, milli gymmatlyklary täze jemgyýetçilik şertlerinde ýaş nesliň durmuş tejribesine öwürmekdir. Milli Liderimiziň umumy sapakda öňe süren pikirleriniň möhüm taraplarynyň biri hem şu düşünjä syrygýar: milli gymmatlyklar ýaş nesliň aňynda diňe taryhy maglumat hökmünde däl, durmuş ýörelgesi hökmünde berkidilmelidir. Çünki gymmatlyk adamyň häsiýetine we gündelik hereketine öwrülende terbiýeçilik güýjüne eýe bolýar. Ýaşy uly adama hormat goýmak — diňe bir edep düzgüni däl, nesilleriň arasyndaky ruhy baglanyşygy goramakdyr. Zähmete sarpa goýmak — diňe hünär öwretmek däl, adamyň jogapkärçilik duýgusyny ösdürmekdir. Watany söýmek — diňe Watan barada buýsançly sözleri aýtmak däl, eýsem, öz bilimiň, zähmetiň, hünäriň we halal işiň bilen Watana peýda getirmekdir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaş nesliň bilimli, hünärli, watansöýüji we ahlak taýdan kämil bolmagy döwletimiziň geljeginiň möhüm şertleriniň biridir.
Bu ýerde aýratyn bir möhüm pikir öňe çykýar: ýaş nesle ynanmak, onuň şahsyýetine hormat goýmak, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga şert döretmek terbiýäniň häzirki zaman usullarynyň biridir. Terbiýe ynam, görelde we jogapkärçilik arkaly has netijeli amala aşyrylýar.
Milli Liderimiziň ýaşlar baradaky çykyşlarynda aýratyn nygtaýan pikirleriniň biri hem ýaş nesliň häzirki döwrüň bilimlerini we tehnologiýalaryny özleşdirmek bilen bir hatarda milli ruhy gymmatlyklaryna wepaly bolmagynyň zerurdygydyr. Bu iki ugur biri-birine garşy däldir. Gaýtam, häzirki zaman bilimi bilen milli terbiýäniň sazlaşygy kämil şahsyýetiň esasy binýadyny emele getirýär.
Şonuň ýaly-da, zähmet terbiýäniň iň gadymy hem-de iň täsirli mekdepleriniň biridir.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlary bilim almaga, hünär öwrenmäge, halal zähmet çekmäge we döredijilik bilen meşgullanmaga ugrukdyrmak olaryň geljekki durmuşynda möhüm orun eýeleýär.
Adam zähmet arkaly diňe bir hünär ýa-da maddy netije gazanmaýar. Ol sabyrlylygy, tertipliligi, jogapkärçiligi, maksada okgunlylygy we öz güýjüne ynanmagy öwrenýär. Şonuň üçin ýaşlary Watany söýmäge çagyrmak bilen bir hatarda, olary Watana peýdaly bolmaga, okamaga, öwrenmäge, döretmäge we halal zähmet çekmäge ugrukdyrmak aýratyn möhümdir.
Şahsyýeti kemala getirmek meselesi hem hut şu ýerde başlanýar. Bilimli ýaşlar jemgyýetiň baýlygy bolsa, bilimini ahlak gymmatlyklary bilen birleşdirip bilýän ýaşlar döwletiň geljegidir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýaşlaryň bilimli bolmagy, olaryň giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, watansöýüji we jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligine düşünýän şahsyýetler bolup ýetişmegi aýratyn möhümdir.
Sebäbi bilim bilen birlikde ynsap, jogapkärçilik, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, adamkärçilik we öz-özüňe talapkärlik hem bolmalydyr. Hakyky şahsyýet öz mümkinçiliklerini diňe öz bähbidi üçin däl, jemgyýetiň we Watanyň ösüşi üçin peýdalanyp bilýän adamdyr.
Şu nukdaýnazardan seredilende, Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynyň esasy manylarynyň biri Garaşsyz döwletde ýaş nesliň terbiýesiniň döwlet ösüşinden aýrylmazlygydyr. Kuwwatly döwletiň geljegi şol döwletde ýaşaýan nesilleriň bilimine, dünýägaraýşyna, ahlak sypatlaryna we Watana bolan jogapkärçilik duýgusyna baglydyr.
Häzirki türkmen jemgyýetinde terbiýe meselesi maşgalanyň, mekdebiň ýa-da ýokary okuw mekdebiniň aýratyn wezipesi hökmünde, umumymilli maksat hökmünde kabul edilýär. Maşgala ilkinji terbiýe ojagy bolsa, bilim edaralary şol terbiýäni bilim we dünýägaraýyş bilen baýlaşdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda öňe süren pikirleriniň ähmiýeti hut şu ýerde has aýdyň görünýär: şahsyýeti terbiýelemek diňe bir şu günüň wezipesi däl, geljegi gurmagyň iň möhüm şertleriniň biridir. Sebäbi jemgyýetiň medeni derejesi, döwletiň kuwwaty we ösüşiň durnuklylygy ahyrky netijede adamyň özünden başlanýar.
Milli Liderimiziň watançylyk dersini geçirmekdäki ussatlygy — bu ähli bilim işgärleri üçin bilim işini nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmekde görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynyň konseptual ugurlary esasynda onuň many-mazmunyny has içgin özleşdirmek üçin ýurdumyzyň çagalar baglarynda, orta mekdeplerinde, hünär bilimi edaralarynda, meýilnamalara laýyklykda, dabaraly hem-de ylmy-amaly maslahatlary, söhbetdeşlikleri, sergileri, zehin, döredijilik, intellektual bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny, edebi agşamlary, göreldeli sapaklary, wagyz-nesihat çärelerini, kitap şüweleňlerini içine alýan ulgamlaýyn okuw, ylmy, terbiýeçilik çäreleriniň toplumy durmuşa geçiriler. Munuň özi ýaş nesilleriň Watanyň, jemgyýetiň, maşgalanyň, ata-enäniň öňündäki jogapkärçilik duýgusyny terbiýelemäge ýardam eder.
Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň taryhyny, milli köklerimizi bilmek, olara guwanmak, buýsanmak, hemişe kämillige ymtylmak, türkmen oglanlarynyň we gyzlarynyň iň ajaýyp, iň gözel, iň näzik ahlak sypatlaryny özlerinde jemlemek, hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana adamlar bolup ýetişmek, bilim, zähmet, hünär bilen Watana peýda getirmek baradaky atalyk öwüt-ündewleri esasynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçiriler, makalalar ýazylar, tele we radioýaýlymlary üçin tematiki gepleşikler tapgyrlary taýýarlanar.
Gahryman Arkadagymyzyň Oguz han, Adybeg soltan, Jygalybeg, Görogly, Jelaleddin Meňburun ýaly ýurt azatlygy, Watan goragy ugrundaky söweşlerde mertlik görkezen milli gahrymanlarymyzyň gaýduwsyzlygyň belent mekdebidigi, türkmen topragynyň her bir daban ýeriniň mukaddesdigi, pederlerimiziň Watanyna wepaly, ynsanperwer, adalatly, sahawatly, asylly, sabyr-kanagatly ynsanlar bolandyklary baradaky peder pentleri esasynda bilim alýan hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlarymyzyň watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik duýgularynyň has-da ösdürilmegine gönükdirilen baý many-mazmunly çärelere hem uly orun berler.
Munuň özi terbiýäniň we bilimiň netijeliligini, aýratyn hem, ýaşlaryň bilimleriniň, gözýetimleriniň we garaýyşlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Milli Liderimiziň aýratyn nygtan möhüm ugurlary boýunça ylmy we döredijilik işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylar. Bilim işine häzirki zaman innowasion, sanly bilim tehnologiýalaryny, emeli intellekti giňden ornaşdyrmak, dünýä ýaryşlarynda we halkara bilim bäsleşiklerinde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýaşlary maksatlaýyn taýýarlamak işleri dowam etdiriler. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren taryhy teklipleri esasynda «Akylly jemgyýet» konsepsiýasynyň taslamasyny taýýarlamak işine öňdebaryjy ýaşlar hem-de talyplar işjeň çekiler. Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde startaplary hem-de halkara ylym-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek ugrunda zerur işler alnyp barlar.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň milli terbiýe mekdebiniň örän gadymy hem-de beýik taryhy ýoly barada durup geçip, Jeýtun we Änew medeniýetleri, Marguş şalygy, Altyndepe we Horezm siwilizasiýalary döwründe goýlan ylmyň we bilimiň, medeniýetiň we sungatyň ilkinji kerpiçleri, Parfiýa imperiýasynda, Gaznalylar we Garahanlylar döwletlerinde, Beýik Seljuk imperiýasynda, Horezmşalar, Garagoýunlylar we Akgoýunlylar döwletlerinde, Hindistandaky soltanlyklarda milli terbiýe mekdebi babatynda toplanan baý tejribe, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Dehistan, Gürgenç, Abiwerd ýaly iri şäherlerde dürli ugurlarda bilim öwredýän medreseler barada buýsançly sözleri beýan etdi.
Milli Liderimiziň «Mugallym — ýaş nesli terbiýeleýän, bilim berýän we olaryň geljegine uly täsir edýän hormatly hünäriň eýesi, beýik ynsandyr. Mugallym ýaş nesillerimize ýolgörkeziji şahsyýetdir» diýen peder pentlerine laýyklykda, mugallymlaryň hünär derejeleri yzygiderli kämilleşdiriler. Garaşsyzlygymyz we Bitaraplygymyz, taryhy-medeni gymmatlyklarymyz we milli mirasymyz, döwrümiziň üstünlikleri baradaky dürdäne jümleleriň esasynda täze okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalary we görkezme esbaplar taýýarlanylar, dürli tematiki gepleşikler ýazgy ediler.
Hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyndaky: «Bilim ynsan paýhasynyň dowamatly ösüşidir, geçmişiň tejribesi bilen geljegiň innowasiýalaryny birleşdirýän köprüdir» diýen taglymatyndan, Gahryman Liderimiziň watançylyk umumy okuw sapagynda mugallymyň häsiýetleri barada beýan eden röwşen jümlelerinden hem-de nurana arzuwlaryndan ugur alyp, sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň, biziň ählimiziň baş wezipämiz bolar.
Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri, ylymdaky we döredijilikdäki, maşgala we nesil terbiýesindäki nusgalyk göreldeleri biziň ählimiz üçin watansöýüjiligiň beýik mekdebidir. Milli Liderimiziň okuw ýylynyň başyndaky umumy sapagynyň mazmuny bir möhüm hakykaty öňe çykarýar: Garaşsyzlyk döwlet üçin gazanylan beýik hukuk bolsa, ony ösdürmek we geljek nesillere mynasyp ýagdaýda geçirmek her bir raýatyň şahsy jogapkärçiligidir. Bitaraplyk bolsa şol Garaşsyzlygyň parahatçylykly, ynanyşmaga we hyzmatdaşlyga esaslanýan dünýägaraýşyndaky beýanydyr. Türkmençilik bolsa bu döwletlilik düşünjesiniň ahlak-ruhy köklerini emele getirýär.
Diýmek, Garaşsyzlygyň pelsepesinden başlap, Bitaraplygyň parahatçylyk filosofiýasyna, türkmençilik ýolundan häzirki zaman bilimlerine, milli terbiýeden şahsyýetiň kämilligine çenli uzalýan bu ýol aslynda bir bitewi düşünjä — adam we döwlet, şahsyýet we Watan, geçmiş we geljek arasynda sazlaşyk döretmek düşünjesine gelip birleşýär.
Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynyň esasy ähmiýeti-de hut şunda: ol ýaş nesle diňe geçmişi bilmegiň ýa-da şu güne düşünmegiň däl, eýsem, geljegi gurmagyň jogapkärçiligini hem ýatladýar. Mukaddes ýoluň ýörelgelerini bolsa şol jogapkärçiligi öz üstüne almaga taýýar, bilimli, ahlakly, zähmetsöýer, watansöýüji we milli ruhly şahsyýetleriň kemala gelmegi bilen üpjün edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň, dünýäde parahatçylygyň hem-de dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň bilim ministri.




