
Sentýabryň ilkinji bäşgünlüginde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan ýurdumyzyň bilim işgärleri bilen autizmiň dürli görnüşleri bolan çagalar we olaryň maşgalalary üçin inklýuziw hyzmatlaryň pudagara ulgamyny ösdürmek boýunça okuw maslahaty guraldy. Oňa gatnaşmak we türkmen kärdeşleri bilen tejribesini paýlaşmak üçin Sankt-Peterburgyň Irki goşulyşma boýunça institutynyň hünärmeni, ÝUNISEF-niň bilermeni Ýuliýa Rusanowa ýurdumyzda iş saparynda boldy.
Okuw maslahatynda Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň degişli hünärmenleri tejribelerini artdyrdylar. Oňa gatnaşyjylar autistik spektriniň bozulmalary bar bolan çagalary ýüze çykarmak, anyklamak we toplumlaýyn ýardam etmek boýunça synag taslamasyny durmuşa geçirmegiň döwrebap usullaryny özleşdirdiler. Özara pikir alyşmalara Aşgabat şäherindäki synag çagalar baglarynyň, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň terbiýeçileridir mugallymlary, lukmanlary, şeýle-de welaýatlardaky inklýuziw bilim taslamalaryny amala aşyrýan çagalar baglarynyň pedagogik işgärleri hem işjeň çekildi.
Paýtagtymyzdaky 111-nji çagalar bakja-bagynda dowam eden okuwlarda nazaryýetde alnan bilimler tejribede berkidildi. Bu ýerde synag taslamasynyň deslapky tapgyrynda geçirilen işleriň netijeleri, pudagara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň döwrebap, netijeli usullary boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistana saparynyň çäklerinde russiýaly hünärmen ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň käbiriniň işi bilen ýerinde tanyşdyryldy.
Akademiki alyşmalar giňeldilýär
Ankara şäherinde «Türk dünýäniň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk» atly halkara maksatnama boýunça çäre geçirildi. Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Demirgazyk Kipriň we Wengriýanyň ýokary bilim edaralarynyň wekilleriniň ençemesini bir meýdançada jemlän çärä ýurdumyzdan Bilim ministrliginiň hünärmenleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň 7-nji sentýabrdaky resmi açylyş dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar boýunça müdirliginiň (YTB) başlygy, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň deputaty, Türkiýäniň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, «ORTAK» maksatnamasynyň akademiki utgaşdyryjysy, şeýle-de maksatnama gatnaşýan ýurtlaryň Ankaradaky ilçileri myhman boldular. Dabaranyň dowamynda wekiliýet agzalary YTB-niň işiniň esasy ugurlary, onuň şu gezekki maksatnamasynyň wezipeleri, ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem çykyşlarda YTB tarapyndan durmuşa geçirilýän bilelikdäki talyp hakly maksatnamalar hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki alyşmalary ilerletmegiň geljegi uly ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu halkara maksatnama gatnaşmagy ýokary bilim ulgamynda döwrebap çemeleşmeleri öwrenmek, öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmak, hünär gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de özara pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär. Şeýle halkara çäreler hyzmatdaş ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, bilelikdäki bilim taslamalaryny we başlangyçlary durmuşa geçirmäge, akademiki alyşmalary giňeltmäge ýardam berýär.
Taýýarlan Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».




