
9-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylaryň jemleýji konserti uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi.




Bu ajaýyp baýramçylyk ýurdumyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda ýylyň-ýylyna geçirilýän bu döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden etrap, şäher we welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli çagalar gatnaşdylar. Gazetimiziň şu sanynda bäsleşigiň ýeňijileriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Nurgözel BERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy:
— Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda zehinli çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly şowhunly bäsleşigiň ýeňijisi bolmak bagty maňa-da nesip etdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda çykyş edip, ýurdumyzyň baş baýramyna sowgatly gelmek çaga ýüregimde uly joşgun döredýär. Alkyşlarym goşgy setirlere, aýdymdyr sazlara öwrülýär. Bize ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Allanazar ANNAGELDIÝEW,
Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy:
— «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde Arkadag şäheriniň birleşen çagalar tans topary bilen «Alkyş Size, Arkadag!» aýdymyny ýerine ýetirdim. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan Arkadag şäheriniň adyndan çykyş edip, ýeňiji bolmak meniň üçin iň uly buýsanç. Arkadag şäheri — bagtyň şäheri. Arkadag şäheri — geljegiň şäheri. Biz — ýaş nesiller bolsa, jennet ýaly ýurdumyzyň bagtyýarlygyny wasp edýän saýrak bilbilleri. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Leýla ÇARYÝEWA,
Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy:
— Aýdymçy çagalaryň her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşýan ajaýyp bäsleşiginde ýeňiji bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty meniňem nesibämde bardygyna diýseň begenýärin. Eziz Arkadagymyz bize hemişe gowy okamagy, öwrenmegi, geljekde Watanyň daýanjy bolup ýetişmegimizi ündeýär. Çagalar üçin edilýän atalyk aladalary biz her pursatda duýup ýaşaýarys. Biz — bagtly döwrüň bagtyýar nesilleri. Ýeňiji bolan ähli deň-duşlarymy gutlaýaryn.
Sary AMANOW,
Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy:
— Bu gün meniň ýüregim Awazanyň tolkunlary ýaly joşa gelýär. Ine-de, men köp wagt bäri arzuwlap ýören arzyly maksadyma ýetdim. Garaşsyzlygyň merjen dänesi bolup, şeýle uly sahnalarda çykyş etmek ähli deň-duşlarym üçin ýatdan çykmajak pursatlardyr. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda «Ruhubelent çagalar» tans topary bilen «Sport — sagdynlyk» atly aýdymy ýerine ýetirdim. Bu gün bolsa arzuwlarymyz wysalyna gowuşdy. Bize döwletli döwrany döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Hudaýberdi HOJABERDIÝEW,
Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy:
— Elkyssa, haýyr, ýagşy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda dünýäni haýrana goýup, bagy-bossan, jennet mekan, her güni bir dessan, güller açýan Watanymyzyň goýnunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa sowgatlaryna mynasyp bolup, arassa, päk çaga kalbym joşa gelip, Watanymyzy wasp edip, bir nama aýdar boldum:
Äleme uzaýar dostluk ýollary,
Birleşdirdi milletleri, illeri.
Dünýäň ykrar eden Milli Lideri —
Pähim-parasatly Howandarym bar!
Aýna DÖWLETÝAROWA,
Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy:
— Biz Watany söýmegi Gahryman Arkadagymyzdan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan öwrenýäris. Bagtyýar nesilleriň buýsanjy Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýär. Biz hem öz gezegimizde gowy okap, Watanymyzy wasp edip, eziz Diýarymyzyň saýrak bilbilleri bolup ýetişeris. Owadan bezelen sahnada çykyş etmek we ýeňiji bolmak geljekki döredijilik bäsleşiklerinde üstünliklere, arzyly maksatlaryma ýetmäge ruhlandyrýar.
Baýramdurdy ÇARYÝEW,
Oguzhan etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy:
— Garaşsyzlyk baýramynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda geçirilen bu bäsleşikde ýeňiji bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp bolmak uly üstünliklere höweslendirýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda men «Şowhun» çagalar tans topary bilen «Gyratym» aýdymyny ýerine ýetirdim. Meni aýdym-saza imrindiren, bu sungatyň inçe syrlaryny öwredýän halypa mugallymlaryma köp sagbolsun aýdýaryn. Mundan beýläk-de ajaýyp aýdymlarymyz bilen Watanymyzy wasp edip, beýik ösüşlerimize goşandymyzy goşmakda yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Taýýarlan Aýşirin DÖWLETOWA,
«Nesil».




