
6-njy noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherindäki Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinde dabaraly medeni çäre geçirildi. Bu gyzgalaňly çärä Sianyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we professor mugallymlary, şeýle-de daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar. Dabara uniwersitete täze gelen hytaýly we daşary ýurtly talyplara bagyşlandy.
«Çäräniň dowamynda hytaýly we daşary ýurtly talyplaryň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. Şeýle-de talyplar öz milli aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Bu çärede Sian şäherindäki Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary hem türkmen halkynyň milli aýdym-sazlary we tanslary bilen çykyp edip, gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdylar.
Aýratyn hem, türkmen talyplary tarapydan ýerine ýetirilen «Küştdepdi» tansy has täsirli boldy»** diýip, Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň Beýik Ýüpek ýoly arheologiki hyzmatdaşlyk ylmy-barlag merkeziniň uly ylmy işgäri Serdar Maşarykow gürrüň berýär.
Çäräniň soňunda türkmen milli aýdymlary we tanslary bilen gyzyklanan hytaýly hem-de daşary ýurtly myhmanlar, talyplar, şeýle-de habarçylar türkmen talyplary bilen ýadygärlik surata düşdüler. Şeýle-de türkmen talyplary bilen halkymyzyň milli medeniýeti bilen bagly gyzykly sorag jogap alyşdylar. Türkmen talyplary gelen myhmanlara Garaşyz, Bitarap Türkmenistanyň milli medeniýeti we häzirki zaman ösüşi barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.





