
O Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylmy we medeni guramasynyň (UNESKO) Tertipnamasy 1945-nji ýylyň noýabr aýynda 20 ýurt tarapyndan London konferensiýasynda kabul edildi we 1946-njy ýylyň 4-nji noýabrynda güýje girdi. Häzirki wagtda bu guramanyň 195 agzasy we 8 sany utgaşdyrylan agzasy bar. UNESKO-nyň esasy wezipesi, halkyň bilim, ylym we medeniýet pudaklarynda ähliumumy hormaty, adalaty, kanuny we adam hukuklaryny, şeýle hem esasy azatlyklary üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmakdyr, şonuň bilen birlikde Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda jyns,dil ýa-da din tapawudy bolmazdan ähli halklar üçin yglan edildi. Bu maksatlara ýetmek üçin UNESKO aşakdaky bäş wezipäni ýerine ýetirýär: 1) bilim, ylym, medeniýet we aragatnaşyk pudagynda geljegiň dünýäsine bagyşlanan geljegi bar gözlegler; 2) ylmy derňewler,okuw we bilim işleri arkaly ylmy bilimleri wagyz etmek, geçirmek we paýlaşmak; 3) halkara hukuk aktlaryny we kadalaşdyryjy teklipleri taýýarlamak we kabul etmek üçin ülňüleri işläp taýarlamak; 4) gatnaşýan ýurtlar bilen syýasatlaryny we taslamalaryny ösdürmek maksady bilen tehniki hyzmatdaşlygyň çäginde hünärmenleriň hyzmatlary; 5) ýöriteleşdirilen maglumatlary alyşmak. UNESKO -nyň merkezi Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýär. UNESKO -nyň Statistika instituty (UIS) Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeni guramasynyň statistika edarasy bolup, ol BMG tarapyndan dünýäniň dürli künjeklerinden bilim, ylym we tehnologiýa, medeniýet we aragatnaşyk barada maglumatlary saklaýar. Statistika instituty 1999-njy ýylyň iýul aýynda UNESKO-nyň häzirki üýtgeýän we barha çylşyrymly şertlerde syýasaty ýöretmek üçin öz wagtynda we takyk statistiki maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek we üpjün etmek üçin döredildi. Bu institut Kanadanyň Monreal şäherinde ýerleşýär. 2013-nji ýylda çap edildi UNESKO -nyň statistika instituty





